Döwletjan Ýagşymyradow PFL Gran-pride Impa Kasanganaýy ýeňip, çempion diýen titula eýe boldy (wideo)
30.11.2024 | 03:00 |29-dan 30-njy noýabra geçilýän gije, Saud Arabystanynyň Er-Riýad şäherinde tolgundyryjy PFL Gran-prisiniň finaly geçirildi, şol ýerde türkmen söweşijisi Döwletjan Ýagşymyradow amerikaly Impa Kasanganaýadan ỳarym agyr agram derejesinde üstün çykdy. Bu ýeňiş Türkmenistan üçin taryhy waka boldy – Ýagşymyradow öz ýurdundan ilkinji PFL ligasynyň çempiony boldy.
Söweş bir minutdanam az wagtyň içinde tamamlandy: Döwletjan tejribeli garşydaşyny nakauda gidirip edip, ajaýyp çalasynlygy we güýjüni görkezdi. Bu üstünlik oňa diňe bir titul däl, eýsem 1 million dollar baýrak gaznasyny hem getirdi.
Ýagşymyradow üçin bu ýeňiş karýerasyndaky yzly-yzyna ýedinji boldy. Jemi 33 gezek söweşe çykyp, 25-si onuň üçin ýeňiş bilen tamamlandy.
ORIENT news