Iň täze habarlar

Aşgabatda raýatsyzlyk boýunça sebitleýin maslahat öz işine başlady

08.11.2024 | 12:00 |
 Aşgabatda raýatsyzlyk boýunça sebitleýin maslahat öz işine başlady

Şu gün, 8-nji noýabrda Aşgabatda Merkezi Aziýada raýatsyzlygy ýok etmek boýunça ministrleriň derejesindäki sebitleýin maslahaty öz işine başlady.

Çäre BMG-niň #IBelong kampaniýasynyň tamamlanmagynyň möhüm döwründe geçirilýär – bu onýyllyk maskatnama bolup, tutuş dünýäde raýatsyzlygy ýok etmäge hem-de oktýabr aýynda öz işine başlan raýatsyzlygy ýok etmek boýunça täze Ählumumy bileleşigiň işine gönükdirilendir.

imgpsh_fullsize_anim (1).jfif

Foruma Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa, Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy Amanmuhammet Sazakow, BMG-niň Bosgunlaryň işi boýunça Ýokary komissarynyň kömekçisi Ruwendrini Menikdiwela, Türkmenistandaky Birleşen Milletler Guramasynyň hemişelik utgaşdyrjysy Dmitriý Şlapaçenko, şeýle hem Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Täjigistandan, Özbegistandan we UNHCR-dan daşary ýurtly hünärmenleri gatnaşýar.

imgpsh_fullsize_anim (2).jfif

Sebitleýin maslahat raýatsyzlygy ýok etmek işi boýunça tejribe alyşmak we hyzmatdaşlygy berkitmek üçin möhüm meýdança bolup durýar.

Türkmenistanyň #IBelong kampaniýasynyň çäklerinde öz borçlaryny doly ýerine ýetirip, ynsanperwer borçnamalaryna öz ygrarlylygyny tassyklandygyny bellemek zerur. Soňky ýyllaryň dowamynda Türkmenistan 32 000-den gowrak adama, şol sanda bosgunlara ýa-da raýatlygy ýok adamlara raýtlyk berip, öz gazanan üstünligini güýçli syýasy tutanýerliligiň, kanun çykaryjy özgerişlikleriň, halkara hyzmatdaşlygyň we raýatlaryň identifikasiýa we hasaba alyş ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagynyň utgaşdyrylmagy bilen düşündirdi.

ORIENT news

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: