Iň täze habarlar

BMG-niň 79 ýaşyna bagyşlanan breýn-ring – ýaşlaryň dilinden täze garaýyşlar

25.10.2024 | 21:40 |
 BMG-niň 79 ýaşyna bagyşlanan breýn-ring – ýaşlaryň dilinden täze garaýyşlar

Bir salym taryha

XXI asyrda Birleşen Milletler Guramasy halkara parahatçylygy we howpsuzlygy saklamak, mätäçlere ynsanperwerlik kömegi bermek, adam hukuklaryny we Guramanyň Düzgünnamasyna laýyklykda halkara hukugyny goramak boýunça işjeň hereket edýär. BMG-niň Düzgünnamasy 1944-nji ýylyň awgust-oktýabr aýlarynda Dumbarton-Oks (ABŞ) maslahatynda SSSR-iň, Beýik Britaniýanyň, Hytaýyň, we ABŞ-nyň wekilleri tarapyndan işlenilip taýýarlanyldy. 1945-nji ýylyň 26-njy iýunynda San-Fransisko (ABŞ) maslahatynda 50 ýurduň wekilleri tarapyndan bu Düzgünnama gol çekildi we 1945-nji ýylyň 24-nji oktýabrynda ol güýje girdi. Şol gün hem Birleşen Milletler Guramasynyň Güni hökmünde jar edildi.

1

Şol bir wagtyň özünde Birleşen Milletler Guramasy Düzgünnamasynda görkezilmedik köp sanly uly meseleleri çözmäge hem gatnaşýar. Olaryň iň möhümi bolsa, Durnukly ösüş maksatlarydyr: garyplygy ýok etmek, planetamyzy goramak, ýaşaýyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak we dünýädäki ähli adamlar üçin geljegi gowulandyrmak boýunça ählumumy çagyryşlar...

2

Türkmenistan halkara giňişliginde Birleşen Milletler Guramasy bilen köpugurly häsiýetdäki gatnaşyklara aýratyn ähmiýet berýär. Bu gatnaşyklara bolsa ýaşlaryň ünsüni çekmek, olary geljekde bu ugurda düşünjeli adamlar edip ýetişdirmek döwrüň talaby bolup durýar.

3

Öň hem aýdylyşy ýaly: “Eger bir ýurduň geçmişi seni gyzyklandyrsa, onda, ol ýurduň muzeýlerine bar! Eger-de bir ýurduň häzirki ýagdaýy seni gyzyklandyrýan bolsa, onda, onuň bazarlaryna aýlan! Ýurduň geljegini göresiň gelse onuň ýaşlaryna seret!” Hakykatdan hem geljek ýaşlaryň elinde...

4

Bäsleşik güýçlileri öňe çykarýar

Ýokarda aýdylanlardan ugur alnyp 25-nji oktýabrda TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda BMG-niň Güni mynasybetli institutyň talyplarynyň we magistrleriniň arasynda breýn-ring bäsleşigi geçirildi. Bäsleşigi institutyň Halkara hukugy fakultetiniň Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasynyň “Ýaş hukukçylar” ylmy gurnagy gurady.

5

Bäsleşikde institutda hereket edýän 4 fakultetden (Halkara gatnaşyklary, Halkara hukugy, Halkara ykdysady gatnaşyklary, Halkara žurnalistikasy) saýlanyp alnan 8 sany zehinli talyplardan hem-de magistrlerden düzülen toparlar çykyş etdiler. 4 şertden ybarat bolan bu bäsleşikde talyplar öz başarnyklaryny görkezdiler.

6

Çekeleşikli geçen bäsleşige 3 emin agza we guramaçylar tarapyndan bellenen bir mugallym synçy hökmünde baha berdiler. Türkmenistanyň Adalatçysynyň orunbasary, Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň we Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara guramalary departamentiniň wekilleri emin agza hökmünde gatnaşdylar.

1-nji şert - bilim we çalasynlyk

7

Ilkinji şertde toparlara BMG we onuň Düzgünnamasy, düzümleri bilen bagly 10 sany test sowallary berildi. Talyplara testdäki her sowal üçin 30 sekunt wagt berildi. Şeýlelikde 5 minudyň dowamynda toparlar öz bilimlerini synadylar.

2-nji şert - döwlet nyşanlaryny tanyşdyrmak

8

Bu şertde guramaçylar tarapyndan her topara öz ugurlarynyň atlary bilen bagly bir (hyýaly) döwletiň ady (taýýarlanmak üçin 2 gün öňinden) berildi: halkaraçy žurnalistlere “Pressiýa” döwleti, halkara ykdysatçylara “Kalkussiýa” döwleti, geljekki diplomatlara “Diplomatiýa” döwleti, halkara hukukçy talyplara “Ýurissiýa” döwleti.

9

Bäsleşigiň bu şertinde gatnaşyjylar özlerine berlen döwletleriň döwlet nyşanlaryny, ýagny baýdagyny we tugrasyny şekillendirip olary emin agzalara hem-de bäsleşige gatnaşyjylara tanyşdyrdylar.

3-nji şert - döwletleriň gümrük we migrasiýa boýunça Halkara konwensiýalara goşulmak meselesi

3-nji şert adyndan hem belli bolşy ýaly toparlar öz döwleriniň gümrük we migrasiýa boýunça Halkara konwensiýalara goşulmagy we bu babatdaky teklipleri bilen çykyş etdiler. Münbere çykan her toparyň talyby öz döwletiniň bu ugurdaky garaýyşlaryny giňişleýin beýan etdi.

4-nji şert - baýdaklaryndan ýurtlary tanamak (geografiýa we taryh derslerinden alnan bilimleriň zerurlygy)

Soňky şert hem diýseň gyzykly şertleriň biri boldy. Bu şertde talyplaryň geografiýa we taryh derslerinden alan bilimleri has gerekli boldy. Toparlar ekranda görkezilen döwlet baýdagyny tanap, şol ýurt baradaky maglumatlary belläp emin agzalara hödürlediler.

12

Netije we üstünlik

Şertleriň ählisini hem emin agzalar ünsli synlap bäsleşigiň ahyrynda gelen netijeleri boýunça ýeňijileri saýladylar. Netijede institutyň Halkara hukugy fakultetiniň zehinli talyplary bäsleşikde ýokary netiije görkezip I orna mynasyp boldy. Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň talyplary hem köp bolmadyk tapawut bilen II orny eýelemegi başardylar.

Bäsleşigiň ahyrynda ýeňijilere guramaçylar tarapyndan Hormat hatlar we ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

13

Bäsleşik bu bir motiwasiýa, asyl maksat - öz işine ussat halkaraçy hünärmenleri ýetişdirmek.

Seýli ARYŞOW

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: