15-nji noýabrda paýtagtymyzyň «Aşgabat» seýilgähinde «Biz dürli, emma deň» atly inklýuziw festiwal geçirildi. Festiwal Bütindünýä maýyplar gününe bagyşlanyp her ýyl geçirilýän bu çäre Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan Türkmenistanyň hökümeti we ýerli jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde guraldy.
Festiwalyň esasy maksady maýyp adamlaryň jemgyýetçilik durmuşynda doly gatnaşmagy üçin amatly we elýeterli gurşawy döretmegiň möhümdigini görkezmekdi.

Seýilgäh tematiki ugurlara bölündi: sport we güýmenje, maglumat we döredijilik. Myhmanlar, esasanam, maýyp adamlaryň döreden işleriniň, şol sanda çeper suratlaryň, ýumşak oýnawaçlaryň, senetçilik önümleriniň sergisine gyzyklandylar. Gyzykly tennis we küşt ýaryşlary hem geçirildi we gatnaşyjylar joşgunly aýdym we tans çykyşlaryny ýerine ýetirdiler.
Festiwalyň çäginde “Ýaş tebigatçy” jemgyýetçilik guramasy özüniň daşky gurşawy goramaga, oňa aýawly çemeleşmäge gönükdirilen diwarlygyny ýaýbaňlandyrdy. Guramanyň hünärmenleri tarapyndan taýýarlanan zehini kämilleşdirmäge, tutanýerliligi, üşükliligi döretmäge gönükdirilen oýunlar festiwalyň gyzykly pursatlaryny döretdi. Şu ýerde oýunlar üçin ähli esbaplaryň gaýtadan işlenen materiallardan taýýarlanandygyny aýratyn bellemek gerek. Munuň maksady tebigata jogapkärli garaýşy wagyz etmekden ybarat bolup durýar.

Festiwala işjeň gatnaşan raýatlarymyza guramaçylar tarapyndan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy. Bu çäre adamlar, olaryň bagtyýar durmuşy hakyndaky aladanyň döwletimiziň hemişelik üns merkezinde saklanýandygynyň ýene bir subutnamasyna öwrülip, oňa gatnaşanlarda ýakymly ýatlamalar galdyrdy.

ORIENT
