Aşgabat, 15-nji noýabr | ORIENT. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly anna güni Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet Baştutany wise-premýerleriň hasabatlaryny diňledi we birnäçe möhüm resminamalara gol çekdi.
Mejlisiň Başlygy Dünýägözel .Gulmanowa Türkmenistanyň Prezidentine “Ylmy intellektual eýeçilik hakynda”, “Wirtual aktiwler hakynda”, şeýle hem hereket edýän kanunçylyk namalaryna üýtgetmeleri girizmek bilen bagly alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Şeýle hem halkara gatnaşyklar boýunça – Palestina Döwletiniň ilçisi, şeýle hem HHR-iň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň wekiliýeti bilen geçirilen geçirilen duşuşyklar barada-da aýdyldy.
Parlamentiň deputatlary BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik wekilhanasy we Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýeti (GIZ) tarapyndan guralan iki maslahata gatnaşdylar. Parlamentarilar şeýle hem Ženewa şäherinde geçirilen Parlamentara Birleşigiň 151-nji Assambleýasyna we BMG-niň Çagalar gaznasy tarapyndan Moldowanyň paýtagtynda guralan çärä gatnaşdylar.
Wise-premýer Hojamyrat Geldimyradow Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-tatar iş toparynyň mejlisine taýýarlyk görmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Toparyň nobatdaky mejlisini noýabr aýynda Aşgabat şäherinde geçirmek göz öňünde tutulýar.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanow “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Geçirilen seýsmiki-gözleg işleriniň netijesinde birnäçe gurluşlaryň ýüze çykarylandygy barada aýdyldy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Taňrygulu Atahallyýew bugdaý ekilen meýdanlarda işleriň barşy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, geljek ýylda bugdaýyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek maksady bilen, bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek, hususan-da, ösüş suwuny tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri dowam edýär. Pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýygnap almak, ony talabalaýyk saklamak we gaýtadan işlemek boýunça degişli işler alnyp barylýar.
Lebap welaýatynda ýetişdirilen – Türkmenistanyň esasy azyk önümleriniň biri şaly hasylyny, Mary welaýatynda bolsa - şeker öndürmek üçin iň möhüm çig mal bolan gant şugundyryny ýygnamak we talabalaýyk saklamak babatda zerur çäreler görülýär. Maldarçylyk hojalyklarynda mallary gyş paslynda dok we ýyly gyşlatmak boýunça degişli taýýarlyk işleri dowam edýär.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Baýmyrat Annamämmedow Türkmenistanyň Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramyna görülýän taýýarlyk işler barada hasabat berdi. Paýtagtda medeni we ýaşaýyş-durmuş maksatly desgalarynda, seýilgählerinde abatlaýyş we abadanlaşdyryş, olaryň daş-töwereginde dürli görnüşli agaç nahallaryny, bezeg güllerini ekmek şeýle hem köçelerini bezemek boýunça degişli işler geçirilýär.
Wise-premýer Nökerguly Atagulyýew Prezident Serdar Berdimuhamedowa Doha şäherinde geçiriljek Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara türkmen-katar toparynyň mejlisine görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Bahar Seýidowa Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi yglan etmek hakynda Kararyň taslamasy barada hasabat berdi. Onuň netijeleri 2026-njy ýylyň sentýabrynda jemlemek göz öňünde tutulýar. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Baýramgül Orazdurdyýewa Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýelerini sylaglamak dabarasyna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Bu dabara 16-njy noýabrda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde geçirmek meýilleşdirilýär.
Wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ýedinji konsultatiw duşuşygyna gatnaşmagyna hem-de Özbegistan Respublikasyna döwlet saparyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Saparyň dowamynda Türkmen-özbek serhetýaka söwda merkezini işe girizmek dabarasyny geçirmek meýilleşdirilýär.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Mämmethan Çakyýew ýolagçylara hödürlenilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak üçin awtomobil ulaglary pudagynyň kadalaşdyryjy hukuk binýadyny döwrüň talaplaryna laýyk getirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow wise-premýerleriň hasabatlaryny diňläp, olara degişli tabşyryklaryny berdi. Döwlet Baştutany iki resminama gol çekdi: edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň hem-de zehinli çagalaryň arasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi yglan etmek hakynda Karara; Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-tatar iş toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklamak hakynda Karara.
