Iň täze habarlar

Meşhur welosipedli ýöriş ýollary bilen Türkiýe Respublikasynyň Egeýine syýahata çykalyň

14.10.2024 | 16:40 |
 Meşhur welosipedli ýöriş ýollary bilen Türkiýe Respublikasynyň Egeýine syýahata çykalyň

Türkiýe Respublikasynyñ «bagt kenary» diýlip tanalýan Egeý sebiti, özboluşly welosipedli ýöriş ýollary bilen welosport bilen meşgullanýanlar üçin jennet mekandyr. Şol welosipedli ýöriş ýollarynyñ ugrunda ýerleşýän ajaýyp kenar ýakalary, peýzažlary, gadymy şäherleri, taryhy obalary, Cittaslow (ümsüm) şäherçeleri, şeýle hem meşhur ýerli çakyrlary, lezzetli we ýokumly aşhanasy, ýagny köpdürlüligi sebäpli welosipedçi türgenleri haýran galdyrýar. Mundan başga-da, bu ýerde ygtybarly awtoulag duralgasyny üpjün edýän, welosiped bejeriş-timarlaýjy meýdançalary bolan myhmanhanalar we beýleki ýaşaýyş desgalar hereket edýär.

«EuroVelo 8» welosipedli ýöriş

Tutuş Ýewropa yklymynyñ uzak aralyga welosipedli yöriş menzillerini öz içine alýan «EuroVelo» atly welosipedli ýöriş toruna Türkiýe ilkinji gezek «EuroVelo 8» bilen goşuldy. Ortaýer deňziniñ welosipedli ýörişi diýlip bilinýän bu ýoluň uzynlygy takmynan 5 müñ 900 kilometre ýetýär. Ol Ýewropanyñ 11 döwletinden geçýär. Türkiýeden bolsa yurduñ üçünji iñ uly şäheri bolan Izmirden geçýär. Izmiriñ Dikili portundan badalaga alýan şol menziliñ ilkinji düşelgesi gadymy Pergamon şäheri bolup durýar. Yzysüre Izmiriñ Guşlar Jenneti, Karşyýaka, Alsanjak, Seferihisar, Sygajyk, Urla we Alaçaty ýaly etraplaryndan we şäherçelerimden geçip gadymy Efes şäherinde tamamlanýar. Ýörişe gatnaşyjylar UNESCO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen Pergamon we Efes şäherlerinden başga-da, welotrek boýunça birnäçe obalarda, dynç alyş zolaklarynda şeýle hem Halkara Cittaslow (Ümsüm) Utgaşdyryjy Komiteti tarapyndnan ykrar edilen ýurduñ ilkinji Cittaslow şäheri Seferihisarda düşläp bilerler. Mundan başga-da, Gediz Guşlar goraghanasyndaky flamingolara tomaşa edip bilersiñiz, Karşyýaka we Alsanjak kenar ýakalarynda tebigatyň jadylaýjy manzaralaryny synlap, Urla üzümçiliginde ýerli çakyr önümçiligi bilen tanyşyp, hatda Alaçatyda windsörfinge gatnaşyp bilersiñiz.

Marmarisyñ dag welosiped ýollarynda belentlikleri eýelemek

Gyzykly başdan geçirmeleri halaýan welosipedçi tür¬gen¬ler üçin Mugla welaýatynda ýerleşýän Marmaris daglyk welosiped ýollaryny maslahat berýäris. Bu welosipedli ýöriş ýoly Marmarisyň gür baglyga bürenen sosna tokaýlaryndan, dag landşaftlaryndan, bakja aýlaglaryndan, balykçylyk obalaryndan we daglyk ýerlerinden geçýär. Mysal üçin, Marmaris-Çamlybel-Gökbel welosiped ýolundaky dag eteginiň ýakymly howasy welosipedçileri ruhlandyrýar. Marmaris-Karajasögüt ýoly, öz gezeginde Amnistos gadymy şäherinden başlap, organiki ekerançylyk bilen meşgullanýan Ýeşilbelde obasyndan geçýär. Sebitdäki iň çylşyrymly ýol Selimiýe-Orhaniýe-Baýyr welosipedli ýöriş ýoly bolup durýar. Welosipedçi türgenler bu 58 kilometrden ybarat bolan ýolda 1 müñ 285 metr beýiklige çykýarlar.

Kariýa we Likiýa siwilizasiýalaryñ, şeyle hem Ortaýer deňzi we Egeý deňizleriniñ çatrygyndaky Köýjegiz, Ortaja we Dalaman etraplary, Dalýan Syýahatçylygy, medeniýeti we daşky gurşawy goramak birleşigi tarapyndan döredilen özboluşly eko-ugurlaryny hödürleýär. Bu welotrekler biri-biri bilen baglanyşykly Köýjegizde bäş sany, Ortajada dört sany we Dalamanda bäş sany welosipedli ýöriş ýollardan ybaratdyr. Gyzyl ýol geçelgesi bilen bellenen ady agzalan eco-ýollaryñ hersiniň uzynlygy takmynan 30 km bolup, sürüş tejribäňize we gyzyklanmalaryňyza gabat gelýän ýoly saýlamaga mümkinçilik berýär.

ORIENT news

Foto: Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan berildi

Şeýle hem okaň: