Şu gün, 28-nji martda, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda iňlis dili boýunça IV döwlet olimpiadasynyň final tapgyry tamamlandy. Ýurdumyzyň dürli künjeklerinden 3000-den gowrak gatnaşyjyny birleşdiren bu intellektual bäsleşik, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň goldawy bilen institut tarapyndan guraldy.
Jemleýji tapgyr institutyň sanly portalynda geçirildi. Ýurdumyzyň ähli ýerlerinden saýlanyp alnan 25 iň güýçli gatnaşyjy 90 minudyň dowamynda audirleme, okamak we grammatika boýunça çylşyrymly tabşyryklary ýerine ýetirdiler. Awtomatiki baha beriş ulgamy doly aç-açanlygy üpjün etdi — netijeler derrew belli boldy.
Olimpiadanyň ýeňijileri:
I orun: Gülaýym Garryjaýewa (Balkanabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 22-nji orta mekdebiniň 12-nji synp okuwçysy).
II orun: Gülgunça Ruslanowa hem-de Kamilla Ýusupowa (Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäheriniň 10-njy orta mekdebiniň 12-nji synp okuwçylary).
III orun: Nurmuhammed Iskenderow (Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäheriniň ýöriteleşdirilen 26-njy orta mekdebiniň 12-nji synp okuwçysy), Atamyrat Jumayew (Daşoguz şäheriniň ýöriteleşdirilen 24-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy) we Güljemal Annagylyjowa (Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 86-njy orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy).
Türkmenistanyň we Özbegistanyň bilermenlerinden düzülen eminler topary gatnaşyjylaryň taýýarlyk derejesiniň ýokarydygyny belläp geçdi.
Ýeňijilere dabaraly ýagdaýda diplomlar we ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy. Zehinli ýaşlary taýýarlamakda uly goşant goşan mugallymlara Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň adyndan hormat hatlary berildi.
ORIENT
