Iň täze habarlar

Eýranyň Prezidenti Masud Pezeşkian Aşgabadyň howa menzilinde garşy alyndy

10.10.2024 | 23:45 |
 Eýranyň Prezidenti Masud Pezeşkian Aşgabadyň howa menzilinde garşy alyndy

Eýranyň Prezidenti Masud Pezeşkian 10-njy oktýabr agşam Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň çakylygy boýunça Aşgabada geldi. Türkmen paýtagtynyň howa menzilinde Eýranyň Prezidentini Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow we Eýran Yslam Respublikasynyň ilçihanasynyň ýolbaşçysy we işgärleri garşy aldy.

Ertir, 11-nji oktýabrda Eýranyň Prezidenti Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan “Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy – parahatçylygyň we ösüşiň binýady” atly halkara forumynda çykyş eder.

Pezeşkianyň saparynyň çäginde Türkmenistanyň ýokary döwlet ýolbaşçylary we Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşyklary bolar.

Eýranyň Prezidentiniň wekileýitiniň düzüminde Daşary işler ministri, Medeniýet we yslam ugrukdyryş ministri, Senagat, söwda, miras we syýahatçylyk ministri bar.

Prezident Pezeşkian Aşgabat şäherine gelmezden ozal penşenbe güni agşam Magtymgulynyň hormatyna bagyşlanan halkara forumyň çäginde türkmen, rus we täjik kärdeşleri bilen duşuşjakdygyny žurnalistlere aýtdy. Bu saparyň ykdysady hyzmatdaşlygy we nebit-gaz pudagyna maýa goýumlaryny işjeňleşdirmek üçin möhüm ähmiýete eýe bolup, Türkmenistan bilen gatnaşyklary giňeltmek Demirgazyk-Günorta gejelgesiniň has netijeli ösmegine mümkinçilik döreder diýip, “IRNA” agentligi habar berýär.

ORIENT news

Foto: irna.ir

Şeýle hem okaň: