Iň täze habarlar

Hazarýaka ýurtlarynyň VII Halkara talyplar uniwersiadasynda Türkmenenistanyň ýygyndy topary 7 medal gazandy

12.10.2024 | 16:35 |
 Hazarýaka ýurtlarynyň VII Halkara talyplar uniwersiadasynda Türkmenenistanyň ýygyndy topary 7 medal gazandy

7-12-nji oktýabr aralygynda Astrahanda geçirilen Hazarýaka ýurtlarynyň ýokar okuw mekdepleriniň Assosiasiýasynyň we ylmy-barlag merkezleriniň VII Halkara talyplar uniwersiadasyna Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň we Türkmen döwlet binagärlik we gurluşyk istitutynyň talyplaryndan düzülen ýygyndy topary gatnaşdylar.

12102024-na-vii-universiade-prikaspijskih-stran-komanda-iz-turkmenistana (1).jpg

Türkmenenistanly talyp türgenler uniwersiadada sportuň ýeňil atletika, suwda ýüzmek hem-de şaşka we şahmat ýaly görnüşleri boýunça bäsleşip, 5 kümüş, 2 bürünç medallara eýe boldular.

Bäsleşige Türkmenistanyň Gazagystanyň, Eýranyň, Azerbaýjanyň, Russiýa Federasiýasynyň ýokar okuw mekdepleriniň wekilleri, şeýle hem Astrahanda okaýan: Gaiti, Senegal, Marokko, Kamerun, Gwineýa-Bissau, Çad, Tunis, Müsür, Gana ýaly 15 sany daşary ýurt döwletleriniň wekilleri gatnaşdylar.

12102024-na-vii-universiade-prikaspijskih-stran-komanda-iz-turkmenistana (2).png

ORIENT news

Foto: Astrakhandaky Türkmenistanyň Konsullygy tarapyndan berildi

Şeýle hem okaň: