Iň täze habarlar

Serdar Berdimuhamedow: Magtymguly Pyragynyň goýan mirasy biziň üçin uly baýlykdyr

11.10.2024 | 15:11 |
 Serdar Berdimuhamedow: Magtymguly Pyragynyň goýan mirasy biziň üçin uly baýlykdyr

Dünýä edebiýatynyň ägirdi, görnükli akyldarymyz Magtymguly Pyragy bütin adamzat üçin gymmatly garaýyşlar bilen dünýä medeniýetiniň dürler hazynasynda hemişelik orun alandyr, şonuň üçin hem, şahyryň ömrüni we döredijiligini giňden öwrenmek bilen bagly işler abraýly halkara guramalar, dünýä döwletleri tarapyndan uly goldawa eýe bolýar, - diýip Türkmenistanyň Prezidenti “Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy – parahatçylygyň we ösüşiň binýady” atly halkara forumynda çykyş etdi.

Döwlet Baştutany Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan bu çäräniň aýratyn ähmiýetini belläp, Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumy BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) “Dünýäniň hakydasy” maksatnamasyna girizilendigi hem-de şahyryň doglan gününiň 300 ýyllyk baýramy bu abraýly gurama bilen bilelikde bellenilip geçilýän şanly seneleriň sanawyna goşulandygy barada ýatlatdy. Munuň bilen bilelikde, Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) 2024-nji ýyly “Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly” diýip yglan etdi.

Türkmenistanda 2024-nji ýyl “Pähim-paýhas ummany – Magtymguly Pyragy” ýyly diýlip yglan edildi. Mundan ugur alyp, türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow beýik akyldar Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny örän ýokary derejede bellemek, şahyryň umumadamzat gymmatlygyna öwrülen eserlerini dünýä ýaýmak baradaky başlangyçlaryny öňe sürdi.

Aşgabadyň gözel künjeginde – Köpetdagyň eteginde Magtymguly Pyragynyň ajaýyp heýkeli we medeni-seýilgäh toplumy gurulyp, ol ýerde daşary ýurtly ýazyjy-şahyrlaryň heýkelleriniň hem oturdylmagy şahyryň arzuwlan berkarar döwletinde dost-doganlygyň dabaralanýandygynyň ýene bir aýdyň nyşanydyr.

Prezident Serdar Berdimuhamedow daşary ýurtlaryň birnäçesinde Magtymguly Pyragynyň heýkelleriniň oturdylandygyny belläp, şeýle sahawatly işleriň halklaryň arasynda dost-doganlyk köprülerini has-da pugtalandyrýandygyny aýratyn belledi.

Magtymgulynyň baý mazmunly beýik mirasy Türkmen döwletiniň daşary syýasatynyň esasyny kesgitledi: onuň parahatçylyk, adalatlylyk, ynsanperwerlik, dost-doganlyk we ähli halklara hormat goýmak baradaky düýpli pikirleri beýleki döwletler bilen özara gatnaşyklarda möhüm ähmiýete eýe bolýar diýip, Döwlet Baştutany dowam etdi.

Prezident türkmenleriň milli häsiýetiniň kemala gelmeginde uly hyzmaty bitiren akyldar şahyr köp ýurtlara aýlanyp görüp, dünýä akyl ýetirip, bu bolsa onuň aň-düşünjesinde öçmejek yz galdyrandygy hem-de dünýägaraýşynyň kämil bolmagyna getirendigi barada belledi.

Magtymgulynyň şygryýeti watançylyk senasydyr: ol öz halkyny, topragyny söýen, ony goramagy we onuň gadryny bilmegi ündän watançy şahyrdyr, adamzada abadanlyk islän we munuň dogry ýoluny görkezen beýik akyldardyr diýip, Serdar Berdimuhamedow aýdyp geçdi.

Şahyryň goşgulary nesillerde watansöýüjiligi, ýokary ahlaklylygy terbiýelemäge, olaryň bilimli, hünärli, il-ýurt üçin haýyrly işleri amala aşyrmaga mynasyp adamlar bolup ýetişmegine ýardam edýär.

Magtymguly Pyragynyň goýan mirasy biziň üçin uly baýlykdyr diýip, Türkmenistanyň Prezidenti aýratyn belläp geçdi, - onuň wesýetlerine eýermek bilen, halkymyzyň agzybirligini, bitewüligini, berkarar döwletliligimizi mundan beýläk-de berkideris, şeýle-de beýleki döwletler bilen dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk we özara bähbitli gatnaşyklarymyzy giňelderis.

Biz parahatçylygyň we adamzadyň sazlaşykly ösüşiniň bähbidine öz goşandymyzy goşmaga hemişe taýýardyrys diýip, Serdar Berdimuhamedow belledi.

Foto: tdh.gov.tm

Şeýle hem okaň: