Iň täze habarlar

BAE emeli aň tehnologiýalary boýunça hyzmatdaşlygy teklip edýär: Ilçiniň TDU-nyň rektory bilen duşuşygy

13.09.2024 | 23:50 |
 BAE emeli aň tehnologiýalary boýunça hyzmatdaşlygy teklip edýär: Ilçiniň TDU-nyň rektory bilen duşuşygy

12-nji sentýabrda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Birleşen Arap Emirlikleriniň Ilçisi Ahmed Al Hameliniň rektor Orazgeldi Öwezsähedow bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşykda ylym we bilim ulgamlary boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Ilçi Al Hameli BAE-niň emeli aň tehnologiýalarynyň kömegi bilen ösüş babatynda Türkmenistan bilen tejribesini paýlaşmaga taýýardygyny aýdyp, iki ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda öňdebaryjy tehnologiýalar boýunça hyzmatdaşlygyň uly mümkinçilikleriniň bardygy barada belläp geçdi diýlip, ýokary okuw mekdebiniň web saýtynda habar berilýär.

Rektor Öwezsähedow ylmy hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagy boýunça teklibi hem-de uniwersitetiň okuw maksatnamalaryna emeli aň ýaly täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyny goldady.

Iki tarap esasan hem, innowasion tehnologiýalar we bilim ulgamy boýunça hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi üçin öz Hökümetlerine minnetdarlyklaryny bildirdiler.

ORIENT news

Foto: tdu.edu.tm

Şeýle hem okaň: