Iň täze habarlar

Aşgabatdaky täze kitap dükanynyň açylyşy: ýaş okyjylar üçin edebiýat şüweleňi

12.09.2024 | 21:40 |
 Aşgabatdaky täze kitap dükanynyň açylyşy: ýaş okyjylar üçin edebiýat şüweleňi

Aşgabatda täze okuw ýylynyň başlanmagy edebiýat dünýäsiniň ähmiýetli wakasyna öwrüldi – şäherde Ýoga merkeziniň (öňki haýwanat bagynyň ýerinde) golaýynda täze kitap dükany açyldy. Resmi açylyşyndan öň eýýäm bu dükan ähli ýaşaýjylar üçin öz gapylaryny açdy: islendik adam gelip, onuň bilen ýakyndan tanyşyp bilýärdi.

12092024-knizhnyj-magazin-v-ashhabade (9).jpg

Onuň içki bezegi häzirki zaman formatynda ýerine ýetirilen: ýumşak kürsili we stoljagazly gelşiklije burçjagazlar oturyp kitap sahypalaryny okamak üçin oňaýly ýer, beýleki tarapda bolsa kiçiräjik kofehana ýerleşdirilen. Ýaňy bişen köfäniň hoşboý ysy myhmansöýerlik duýgusy bilen gurşap alýar.

Kitap görnüşleri, esasan hem, çagalar üçin niýetlenen: tekçelerde, stollarda erteki, şadyýan goşgular, hekaýalar, her dürli tapmaçalar doly kitaplar bar. Has uly ýaşly okyjylar üçin Magtymgulynyň goşgulary we beýleki awtorlaryň eserleri hödürlenilýär.

12092024-knizhnyj-magazin-v-ashhabade (8).jpg

Dükänyň açylyş dabarasy şüweleňli ýagdaýda geçirildi: dükanyň öňüni gyralarynda ýüplüje altynsow diregler ýerleşdirilen gyzyl haly bilen düşeldi, edil Oskar dabarasyndaky ýaly. Emma myhmanlar dress-kod düzgünlerini berjaý etmän, adaty egin-eşiklerde gelip, haly düşeginde surata düşýärdiler. Gelenleriň ählisi guramaçylaryň tagallalaryny belläp, baýramçylykly dabara dostlukly ýagdaýda geçdi.

12092024-knizhnyj-magazin-v-ashhabade (3).jpg

Açylşyň bir bölegi açyk howada geçirildi. Tanymal çaga eserleriniň ýazyjysy Hemra Şirowyň gutlag sözünden soňra, ýaş okaýjy Aýhan Orazdurdyýew “Merediň mekdebe ýygnalşy” atly goşgy bilen çykyş etdi. Bu goşgy mekdebe ýygnanyp, mekdep torbasyna kitaplaryna we depderlerine derek oýnawaçlary we iýmitleri salan oglanjyk baradady.

12092024-knizhnyj-magazin-v-ashhabade (2).jpg

Aýhan diňe bir diňleýjileri däl, eýsem žurnalistleri haýran galdyryp, olar oglanjykdan interwýu almak üçin onuň daşyna üýşdüler. Mundan soňra sahnada gurjak teatry çykyş edip, myhmanlary şadyýan gurjaklar, tans we tapmaçalar bilen begendirdiler.

12092024-knizhnyj-magazin-v-ashhabade (1).jpg

Çäräniň saz bölegi hem ýokary derejede ýerine ýetirildi. Pianinoçy sazanda Tylla Şirowa Aýna Şirowanyň çaga albomyndan pýesalaryny ýerine ýetirdi, akkordeonçy Nizam Kasimi bolsa täze multfilm üçin niýetlenip ýazylan “Sahnadaky sazandalar” atly pýesasyny ilkinji gezek ýerine ýetirdi. Bu eseriň orkestr üçin ýazylandygyna garamazdan, maestro Nizam diňleýjiler üçin bu pýesanyň akkordeona geçirilen görnüşini çalyp berdi. Ol bu sazy üç gezek gaýtalap, güýçli we dowamly el çarpyşmalara mynasyp boldy.

12092024-knizhnyj-magazin-v-ashhabade (7).jpg

Agşamyň ahyrynda ýaş kitap höwesjeňler üçin bäsleşik geçirilip, ýeňijiler süýjije pizza we okuw harytlary bilen sylaglanyldy. Çagalar çuňňur bilimlilik görkezip, bir gatnaşyjy dagy 35 ruçka sowgat aldy. Bu ruçkalar onuň elinde edil Rosomahanyň barmaklaryna meňzeýärdi.

12092024-knizhnyj-magazin-v-ashhabade (6).jpg

Agşamky dabara ajaýyp äheňde tamamlandy: gurjak teatrynyň oýunçylary öz “meýdan” işinden, sazandalar üstünlikli çykyşlaryndan, guramaçylar bolsa köpsanly myhmanlaryň gelmeginden we telewideniýe işgärleri üçin baý materillaryň köplüginden hoşal galdylar. Emma çagalar hemmesindenem köp begendiler – indi olaryň öz gowy görýän kitap dükanlary bar!

12092024-knizhnyj-magazin-v-ashhabade (10).jpg

ORIENT news

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: