Türkmenistan bilen IRU ulag baglanyşygynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýollaryny kesgitlediler
07.09.2024 | 19:45 |Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow we Halkara awtomobil ulaglary bileleşiginiň (IRU) Baş sekretary Umberto de Pretto Bütindünýä durnukly ulag gününe bagyşlanylyp Aşgabat şäherinde noýabr aýynda geçiriljek halkara maslahatynyň taýýarlyk işleri barada maslahatlaşdylar.
Anna güni Aşgabatda geçirilen duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen IRU arasyndaky hyzmatdaşlygyň oňaýly tejribesini belläp, multimodal üstaşyr geçelgelerini we halkara logistika merkezlerini ösdürmek hem-de ulag pudagynyň sanlylaşdyrylmagy arkaly ýurtlaryň arasyndaky özara baglanyşygy gowulandyrmak boýunça hereketleri kesgitlediler.
Raşid Meredow we Umberto de Pretto BMG-niň meýdançasyndaky çäklerinde hyzmatdaşlyk barada maslahatlaşyp, Türkmenistanyň başlangyjy bilen döredilen Durnukly ulagyň dostlary toparynyň orny barada pikir alyşdylar.
Umberto de Pretto sebit derejesinde ulag infrastrukturasynyň kämilleşdirilmeginde Türkmenistanyň hökümetiniň ygrarlydygyny hem-de halkara resminamalaryna goşulyşmak bilen onuň netijeleliginiň ýokarlandyrylmagyna ýardam berýändigini belläp geçdi diýip, türkmen DIM-niň habarlar gullugy belleýär.
Şeýle-de taraplar bilermenleriň mümkiniçiliklerini we hyzmatdaşlygyň kadalaşdyryjy-hukuk binýadyny ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatalaşdylar. Bütindünýä durnukly ulag gününe bagyşlanylyp Aşgabat şäherinde noýabr aýynda geçiriljek halkara maslahatynyň taýýark işlerine hem garaldy.
Şeýle-de duşuşykda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy Sessiýasynda Türkmenistanyň ileri tutýan garaýyşlarynyň esasynda duran durnukly ulag pudagynda Türkmenistanyň başlangyçlarynyň durmuşa geçirilmeginiň gurallary barada maslahatlaşyldy.
ORIENT news