Kislowodskiň “Ak ýaýlasy” türkmenistanly myhmana garaşylmadyk sowgat berdi
31.08.2024 | 00:15 |29-njy awgustda “Stawropol gazetinde” bu at bilen makala neşir edildi. Russiýa sebit neşiriniň Medeniýet we sport bölüminiň redaktory Natalýa Bykowa gyzykly hekaýany gürrüň berdi. Biz, ORIENT saýty hem bu hekaýanyň deňinden geçip bilmedik.
Hekaýanyň baş gahrymany Stawropoliň şäher-kurorty bolan Kislowodska öz maşgalasy bilen dynç almana gelen ýaş gyz.
“Kawkaz Mineral Suwlarynyň kurortlaryna diňe Russiýadan däl, eýsem daşary ýurtlardan myhmanlaryň gelýändigini mälimdir. Bu ýere gelip, elbetde, her kim, sebitiň ajaýyplyklaryna baryp görmek bilen lukmançylyk bejerişlerini gyzykly syýahatçylyk gezelençler bilen utgaşdyrmaga çalyşýarlar. Sebitiň şeýle ajaýyp ýerleriniň biri bolsa Kislowodskyň suratkeş N.A.Ýaroşenkonyň ýadygärlik jaý-mülküdir. Şeýlelik bilen Marydan gelen Gülşat atly gyz “Ak ýaýla” gelip ýetipdir”.
Ak ýaýla – Kislowodskda Ýaroşenkonyň jaý-mülküniň resmi däl adydyr. Gezelenji guran adam bilen gürrüňdeş bolup, Gülşat Mugallymçylyk mekdebinde okap, gelejekde rus dili we edebiýaty mugallymy boljakdygyny hem-de rus medeniýetine bolan gyzyklanmasynyň aýratyndygyny aýtdy.
“Türkmenistanda rus dilinde gürleýän adamlaryň sany kändir, rus dilini biz mekdepden başlap öwrenýäris” – diýip, myhman gyz aýdyp berdi.
Ýaroşenkonyň jaý-mülkünde çeperçilik kompozisiýasyna syn eden Gülşädyň ünsüni Nikolaý Aleksandrowiçiň “Hor” eseri özüne çekdi. Gezelenji guran adamyň aýtmagyna görä, surat eseriniň gahrymanlarynyň biri Senýa atly oglanjyk bolup, ulalanyndan soň ol günleriň birinde Kislowodska gelip, muzeýde öz portretini görüpdir. Ol muzeýiň işgärlerine bu eseriň prototipi hökmünde onuň dostlarynyň bolandygyny aýtdy.
Şeýle-de Ýaroşenkonyň döredijiligini öwrenýän “Ak ýaýlanyň” işgärleriniň Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäheriniň muzeýinde suratkeşiň beýleki eseriniň “Postrelýonok” suratynyň saklanylýandygy, we bu eser hem Senýa atly oglanjygyň portreti bolandygy barada aýtmaklary Gülşat üçin örän täsirli boldy.
“Ýaş gyz Watanyna dolanyp, Aşgabatdaky Türkmenistanyň çeperçilik sungaty muzeýine baryp “Postrelýonok” bilen surata düşmek netijesine geldi”.
Rus we türkmen halkynyň gadymyýetden gelýän ýakyn ruhy we medeni gatnaşyklary bolup, häzirki wagtda olar ösdürilýär. Munuň ýaly hyzmatdaşlygyň taryhy tejribesi şü günki gün täze öwüşgünlerde beýan edilýär. Her bir şeýle täze öwüşgin çuň manyly taryhy ähmiýete eýedir.
Elbetde her kim stawropol türkmenleri barada bilýändir? 15 müňden gowrak adamdan ybarat türkmenleriň etnik topary Stawropoliň demirgazyk-gündogarynda ýaşaýar. Bu ýerde Blagodarnenskiý welaýatynyň Edelbaý obasynda Türkmen etraby hem bar. 2009-njy ýylda Edelbaýda Aşgabatdan getirilen türkmen nusgawy şahyry Magtymgulynyň bürünç heýkeli dikeldildi.
“Ak ýaýlada bolsa indi Gülşadyň Aşgabadyň muzeýinde düşürilen fotosuratlaryna garaşýarlar” – diýip, «Stawropol gazetinden» Natalýa Bykowa öz sözüni jemledi.
Biziň gatnaşyklarymyz dowam etdirilýär.
ORIENT news