Futbol boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysy Aziýa Kubogy — 2027-niň saýlamasynyň nobatdaky oýnunda Hytaý Taýpeýini ýeňlişe sezewar etdi. Arkadag şäherinde geçirilen oýun 3:1 hasabynda türkmen ýygyndysynyň peýdasyna tamamlandy.
Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň düzüminde Rahman Myratberdiýew (13-nji minut), Elman Tagaýew (53) we Meýlis Diniýew (79) tapawutlandylar. Myhmanlaryň ýeke-täk jogap topy 45-nji minutda Ange Samuel Kuame tarapyndan derwezä gönükdirildi.
«D» toparçada 5-nji tapgyryň beýleki oýnunda Taýland myhmançylykda Şri-Lankany 4:0 hasabynda utdy.
Şeýlelikde, Türkmenistan 5 tapgyrdan soňra 12 utuk bilen «D» toparçada liderlik edýär. Ikinji ýerdäki Taýlandda hem şonça utuk bar. Bu toparçada yklym birinjiligine ýollanma berýän birinji ornuň ykbaly 2026-njy ýylyň 31-nji martynda boljak Taýland — Türkmenistan duşuşygynda çözüler.
ORIENT
