Iň täze habarlar

“Merkezi Aziýa-Ýaponiýa” işewürlik maslahatynda hyzmatdaşlyk boýunça resminamalara gol çekildi

10.08.2024 | 03:05 |
 “Merkezi Aziýa-Ýaponiýa” işewürlik maslahatynda hyzmatdaşlyk boýunça resminamalara gol çekildi

Astanada geçirilýän “Merkezi Aziýa-Ýaponiýa” Dialogynyň işewürlik maslahaty alty ýurduň wekiliýetinden 450-den gowrak wekilleri bir ýere jemledi. Ýaponiýanyň iş toparlaryna Toyota Tsusho Corporation, Mitsubishi Heavy Industries EMEA, Ltd., Mitsui & Co., Ltd ýaly iri kompaniýalaryň ýolbaşçylary we menejerleri wekilçilik etdiler. Bilermenler toparynyň adyndan pudaklaýyn ýokary okuw mekdepleriniň ylmy işgärleri we beýlekiler çykyş etdiler. Ykdysady gatnaşyklaryň mümkinçilikleri hem-de sanlylaşdyrma, ulag-logistika, oba senagat toplumy, agyr senagat ýaly we beýleki pudaklar babatynda hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi barada maslahatlaşyldy.

“Ýaponiýa dünýä ýüzünde hakykatdan hem, ykdysady we tehnologik ösüşleriniň liderleriniň biri hasaplanylýar... Merkezi Aziýa bolsa öz gezeginde – uly ösüş mümkinçiligine hem-de köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk üçin ähli şertlere eýe bolan çalt depginde ösýän sebitir. Meniň pikirimçe, sebitimiziň ýurtlarynyň hem-de Ýaponiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy tapgyrlaýyn ösdürmekde ägirt uly mümkinçilikler bardyr. Ýaponiýaly maýadarlarynyň gatnaşmagynda amala aşyrylýan transmilli taslamalar gürrüňsiz sebitiň ykdysady özarabaglanyşygynyň ýokarlanmagyna täsir edýär” – diýip, Gazagystan Respublikasynyň hökümet başlygy Olžas Bektenow öz gutlag sözünde aýtdy.

Maslahatyň maksatnamasyna laýyklykda uglerod bitaraplygy we senagaty döwrebaplaşdyrmak ulgamlary boýunça, şeýle-de halkara ýagdaýlaryň üýtgeýän şertlerinde, adam maýasyna maýa goýmak we telekeçiligi ösdürmek üçin işewürlik infrastrukturasyny pugtalandyrmak, maliýe ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmekde Ýaponiýa we Merkezi Aziýanyň arasynda baglanyşygyň ösdürilmegi ýaly mowzuklar boýunça umumy mejlisler geçirildi.

Häzirki wagtda Merkezi Aziýada döwlet dolandyryş ulgamyny, maliýe we tehniki senagatyny hem-de elektron söwdasyny döwrebaplaşdyrmaga mümkinçilik berýän özboluşly IT-ekoulgamy döredilýär. Munuň bilen baglylykda emeli aň tehnologiýalaryny ornaşdyrmak, maglumat merkezlerini gurmak, kiberhowpsuzlygy üpjün etmek ýaly meseleler boýunça Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Ýaponiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk ähli taraplar üçin netijeli bolup biler. Şeýle-de Ýaponiýada emeli aňa esaslanýan oba hojalyk tehnologiýalarynyň, robototehnikanyň we ylmyň beýleki öňdebaryjy gazananlarynyň ulanylmagy gyzyklanma döredýär. Seýrek duş gelýän toprak metallaryň ýataklaryny özleşdirmek hem-de ulag-logistika pudagy bounça bilelikdäki taslamalary amala aşyrylmak babatynda hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerine hem garaldy.

10082024-biznes-forum-ca-japan (2).jpg

Türkmenistanyň wekilleri ýygnanşanlary ýerli tebigy serişdeleri we geografik ýerleşişi, innowasion tehnologiýalaryň mümkinçiliklerini netijeli ulanmak arkaly milli ykdysadyýetiň täze senagat ugurly nusgasyny döretmek işleri bilen tanyşdyrdylar. Hökümetiň hususy telekeçiligi goldamaga, kiçi we orta işewürligi ösdürmäge, dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply we importuň ýerini tutup biljek önümlerini çykarýan kärhanalary döretmek boýunça maksatnamalaryň durumuşa geçirilmegine üns berýändigi barada bellenildi.

Türkmenistanyň maýa goýum syýasatynyň hem-de ýurtda hereket edýän daşary ýurt kompaniýalar, firmalar we maýadarlar üçin salgyt, gümrük, wiza we beýleki ýeňillikleri göz öňünde tutýan kanunçylygyň esasy düzgünlerine aýratyn üns berildi. “Merkezi Aziýa-Ýaponiýa” Dialogynyň çäklerinde geçirilen Işewürlik maslahatynyň netijesinde bilelikdäki, şol sanda türkmen we ýapon taraplarynyň arasynda tasalamalary amala aşyrmak üçin resminamalara gol çekildi.

“Нейтральный Туркменистан” gazetiniň habar bermegine görä, olaryň arasynda – GTG-2-niň (tebigy gazdan benzin öndürilişi) taslamasy boýunça “Türkmenhimiýa” döwlet konserni bilen “Kawasaki Heavy Industries Ltd.” (Ýaponiýa) kompaniýasynyň we “ITOCHU Corporation” (Ýaponiýa) kompaniýasynyň we “Rönesans Endütsri Tesisleri Inşaat Sanayi ýe Ticaret” kompaniýasynyň (Türkiýe) arasynda “Ýol kartasy” bar.

10082024-biznes-forum-ca-japan (5).jpg

“Türkmenhimiýa” döwlet konserni “Mitsubishi Heavy Industries”, “Mitsubishi Corporation” kompoaniýalar topary bilen, şeýle-de “Toyo Engineering” korporasiýasy bilen özara düşünişmek barada Ähtnama gol çekdi.

Türkmenistanyň Energetika ministrligi bilen “Sumimoto Corporation” kompaniýasynyň arasynda Lebap döwlet elektrik stansiýasynyň gazturbina desagalarynda orta abatlaýyş işlerini geçirmek üçin ätiýaçlyk şaýlary bilen üpjün etmek barada Çarçuwaly ylalaşyk kabul edildi.

Türkmenistanyň Oguz han adynaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti bilen Ýaponiýanyň Sukuba uniwersitetiniň arasynda akademik alyş-çalyş we hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama gol çekildi.

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi bilen Ýaponiýanyň Daşary söwda işleri guramasynyň, JETRO arasynda hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama gol çekildi. Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky bilen Ýaponiýanyň eksport we maýa goýum ätiýaçlandyryş agentliginiň, NEXI arasynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.

Türkmeniatanyň Dokma senagaty ministrligi bilen “Masui Co., Ltd.” kompaniýasynyň arasynda hyzmatdaşlyk barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.

ORIENT news

Foto: primeminister.kz

Şeýle hem okaň: