Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň energetika we tebigy serişdeler ministrini kabul etdi
01.08.2024 | 00:13 |Çarşenbe güni, 31-nji iýulda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň energetika we tebigy serişdeler ministri Alparslan Baýraktary kabul etdi.
Duşuşygyň dowamynda döwlet Baştutany iki ýurduň arasynda energiýa, senagat, ulag we aragatnaşyk we beýleki ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň möhümdigini belledi. Prezident, gaz, nebithimiýa we elektrik energiýasy pudaklarynda özara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary şeýle hem geljegi bar bolan bilelikdäki işleriň wezipelerini kesgitledi diýip, döwlet habarlar gullugy bolan TDH habar berýär.
Alparslan Baýraktar Türkmenistanyň Prezidenti bilelikdäki hyzmadaşlygyň ähli ugurlary bilen bir hatarda energiýa ugry boýunça hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga Türkiýe Respublikasynyň taýýardygyny ynandyrdy.
Şeýle hem 30-31-nji iýul aralygynda Aşgabada saparynyň dowamynda Türkiýe Respublikasynyň energetika we tebigy serişdeler ministri Alparslan Baýraktar birnäçe degişli pudak edaralaryň ýolbaşçylary bilen duşuşdy. “Türkmen tebigy gazyny Türkiýe Respublikasyna iberilmegi boýunça taslamasyny iş ýüzünde durmuşa geçirmegiň, Türkmenistanyň nebit we gazhimiýa senagatyny ösdürmegiň mümkinçiliklerine seredildi” – diýip, TDH belleýär.
Ozal Türkmenistanda halkara konsorsiumlarynyň düzüminde türk kompaniýalary, karbamid, suwuk ammiak, kükürt kislotasy we sintetiki benzin öndürýän zawodlaryň gurluşygyna gatnaşypdy.
Baýraktaryň şu gezekki sapary wagtynda Türkmenistanyň gazylyp alynýan tebigy baýlyklaryny - kaliý duzuny, ýody, metal magdanlaryny özleşdirmekde hem-de ýokary tehnologiýaly we eksporta gönükdirilen önümçiligi döretmekde türk tarapynyň gatnaşmak mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Gepleşikleriň ýene bir ugry Türkmenistandan Türkiýe Respublikasyna elektrik energiýasy, şol sanda Balkan welaýynda gurulýan kuwwatlygy 1,574 megawatt bolan elektrik stansiýasyndan eksport etmek mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
ORIENT news