Iň täze habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti üç welaýata täze häkim belledi

30.07.2024 | 04:00 |
 Türkmenistanyň Prezidenti üç welaýata täze häkim belledi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow üç welaýatyň – Ahal, Daşoguz we Lebap welaýatlarynyň täze häkimlerini belledi.

Sebitleriň häkimleriniň çalşyrylmagy baradaky resminamalar Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň web sahypasynda çap edildi.

Hususan-da, Döwlet Baştutanynyň Permany bilen Röwşen Hojagulyýew we Şöhrat Amangeldiýew başga işe geçmegi sebäpli degişlilikde Ahal we Lebap welaýatlarynyň häkimi wezipesinden boşadyldy.

Ahal welaýatynyň häkimi wezipesine häzirki wagta çenli Daşoguz welaýatynyň häkimi wezipesinde işlän Soltanmyrat Soltanmyradowy belledi.

Daşoguz welaýatynyň häkimi wezipesine Oba hojalyk ministrliginiň Ylmy-barlag däneçilik institutynyň direktory wezipesinde işlän Döwletgeldi Babaýewi belledi.

Lebap welaýatynyň häkimi wezipesine Oba hojalyk ministrliginiň Ylmy-barlag ekerançylyk institutynyň direktory wezipesinde işlän Maksat Annanepesowy belledi.

Mundan başga-da, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň we Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň täze ýolbaşçysyny saýlamak bilen baglanyşykly geçirilen mejlisleriniň kararlary tassyklandy, ýagny Akjemal Durdyýewanyň başga işe geçmegi sebäpli, bu wezipä Oguljennet Berdiliýewa biragyzdan saýlanyldy.

ORIENT news

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: