Iň täze habarlar

Pekinde halkara innowasion farmasewtika parky peýda bolar

23.07.2024 | 09:50 |
 Pekinde halkara innowasion farmasewtika parky peýda bolar

Hytaýyň paýtagtynyň günorta böleginde halkara innowasion farmasewtika parky peýda bolar. Bu barada Sinhua habarlar agentligi habar berýär.

Parkyň gurluşygyň taslamasy Pekiniň ýolbaşçylary tarapyndan Boao-Aziýa forumynyň 3-nji ählumumy saglyk konferensiýasynda aýan edildi.

Park Pekiniň “Içžuan” tehnologiki we ykdysady ösüş zolagynda, ýagny meýdaky 5,8 inedördül metr bolan Beijing E-Town ady bilen belli bolan ýerinde gurlar. Bu ýerde halkara korporasiýalarynyň baş edarasy ýerleşer.

Beijing E-Town-nyň dolandyryş komitetiniň başlygy Kun Leý täze park saglygy goraýyşy ulgamynyň ösen ugurlaryna gönükdiriljekdigini belledi.

Bu maksat bilen, dünýäniň dürli künjeklerinden strategiki alymlary, dünýä derejesindäki ylym we tehnologiýa pudagyndaky innowasion toparlaryň öňde baryjylaryny özüne çeker.

ORIENT news

Foto: inform.kz

Şeýle hem okaň: