Iň täze habarlar

Prezident Serdar Berdimuhamedow Gazagystanyň täze Ilçisinden ynanç hatyny kabul etdi

18.07.2024 | 06:04 |
 Prezident Serdar Berdimuhamedow Gazagystanyň täze Ilçisinden ynanç hatyny kabul etdi

Prezident Serdar Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Nurlan Nogaýewi kabul etdi. Ol döwlet Baştutanyna ynanç hatyny gowşurdy. Diplomat ýurduň Prezidentine we türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Kasym-Žomart Tokaýewiň ýollan mähirli salamyny ýetirdi we öz ýurdunyň Türkmenistan bilen däp bolan dostluk gatnaşyklaryny berkitmäge uly ähmiýet berýändigini aýtdy.

Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň geljegi barada pikir alyşmagyň dowamynda umumy medeni we taryhy gymmatlyklara esaslanýan Türkmenistan bilen Gazagystanyň häzirki döwürde döwletara hyzmatdaşlygyň nusgasy bolup hyzmat edýän özara gatnaşyklar üçin berk binýady döredendigi mälim edildi.

BMG, ÝHHG, YHG we GDA ýaly halkara gurluşlaryň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň oňyn häsiýetine aýratyn üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, sebit mehanizmleriniň platformasyndaky tagallalary utgaşdyrmagyň, hususan-da, Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygynyň we “Merkezi Aziýa goşmak” görnüşindäki hyzmatdaşlygyň üstünlikleri bellendi. Bu barada 18-nji iýuldaky “Neýtralnyý Türkmenistan” gazetiniň elektron neşirinde habar berildi.

Söwda we ykdysady hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşmalaryň dowamynda Prezident Serdar Berdimuhamedow we Ilçi Nurlan Nogaýew iki ýurduň tebigy baýlyklarynyň ägirt uly gorlarynyň we amatly geografiki aýratynlyklarynyň bu ugurlarda özara peýdaly taslamalary durmuşa geçirmäge mümkinçilik döredýändigini biragyzdan bellediler.

Medeni we ynsanperwer gatnaşyklara, şol sanda beýik türkmen akyldary we şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli giňden bellenilip geçilýän dabaralara hem üns berildi. Bu nukdaýnazardan, Aşgabatdaky "Magtymguly Pyragy" medeni-seýilgäh toplumynda meşhur gazak kompozitory we sazandasy Kurmangazy Sagyrbaýulynyň heýkeliniň oturdylmagy bellendi.

Duşuşykda bu ugurdaky yzygiderli ösýän gatnaşyklaryň görkezijilerinden biriniň bilelikdäki döredijilik forumlarydygy nygtaldy. 25-27-nji iýunda Gazagystanda Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň üstünlikli geçirilendigi we 4-nji iýulda türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Astana amala aşyran saparynyň dowamynda Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň dabaraly ýagdaýda açylandygy bellendi.

ORIENT news

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: