Iň täze habarlar

Türkmenistanyň Mejlisinde halkara gatnaşyklary ulgamy babatynda birnäçe kanunlar kabul edildi

14.07.2024 | 20:50 |
 Türkmenistanyň Mejlisinde halkara gatnaşyklary ulgamy babatynda birnäçe kanunlar kabul edildi

13-nji iýul, şenbe güni Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň nobatdaky mejlisi geçirildi, onda täze kanunlaryň taslamalaryna, şol sanda halkara konwensiýalary we ylalaşyklary tassyklamak hem-de goşulmak barada kanunlaryň taslamalary seredildi we kabul edildi.

Hususan-da, deputatlar bir tarapdan Türkmenistan bilen beýleki tarapdan Ýewropa Bileleşigi we oňa agza döwletleriň arasyndaky Ylalaşyga Teswirnamany tassyklamagy hakynda kanuny tassykladylar. Şeýle hem mejlisiň agzalary, Atom energiýasy boýunça haklara agentliginiň Tertipnamasynyň VI maddasyna girizilen üýtgetmäni tassyklamak hakynda we “Ýabany ösümlik we haýwanat dünýäsiniň ýitip gitmek howpy astyndaky görnüşleriniň halkara söwdasy hakynda Konwensiýa goşulmak hakynda” hem-de bu Teswirnama gatnaşyjy döwletleriniň senagat eýeçiliginde Ýewraziýa Patent Konwensiýasyna goşulmak barada kararyna geldiler.

Mejlisde Türkmenistanyň Býujet, Sanitariýa, Ilaty durmuş taýdan goramak kodekslerine, «Bedenterbiýe we sport hakynda», «Döwlet ylmy-tehniki syýasaty hakynda», «Ylmy edaralar hakynda», «Sportda dopinge garşy göreşmek hakynda», «Tohumçylyk hakynda» we beýleki kanunlaryň taslamalaryna üýtgeşmeler we goşmaçalar girizildi we kabul edildi.

«Bu kanunlar dürli ulgamlarda işleriň döwrüň talabyna laýyklykda alnyp barylmagy üçin hukuk esaslaryny döretmäge, ýagny döwletiň býujet ulgamynyň işini we dolandyrylyşyny, Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň işini kämilleşdirmek, Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň işine sanly ulgamy ornaşdyrmak, ylym ulgamyndaky gatnaşyklary, bedenterbiýe we sport hyzmatlaryny ösdürmek, sportda dopinge garşy göreşmek, adwokatura we adwokatlyk işine guramaçylyk-usuly taýdan berilýän kömegiň talaplaryna gözegçiligi berkitmek, raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgysyny döwlet belligine almaga hukugy bolan edaralaryň işini döwrebaplaşdyrmak, tohumçylyk işini döwrüň talabyna laýyk getirmek bilen baglanyşykly gatnaşyklary düzgünleşdirmäge ýardam eder», - diýlip, Türkmenistanyň Mejlisiniň web sahypasynda bellenilýär.

Şu ýylyň 7-nji iýulynda geçirilen sawlaryň netijesinde Mejlisiň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň ýerine saýlanan “Türkmenistanyň Mejlisiniň aýry-aýry saýlaw okruglary boýunça saýlanylan deputatlarynyň ygtyýarlyklaryny ykrar etmek hakynda” Mejlisiň kararynyň taslamasy kabul edildi. Şeýle hem deputatlar tarapyndan Mejlisiň düzümi bilen baglanyşykly käbir guramaçylyk meselelerine seredildi.

Mejlisiň dowamynda «Adalaçy hakynda» kanunyna laýyklykda deputatlaryň öňünde Türkmenistanyň Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil bu ygtyýarly edar tarapyndan edilen işler we ýurtda adam hukuklaryny goramak pudagynyň ýagdaýy barada hasabat bilen çykyş etdi.

ORIENT news

Foto: mejlis.gov.tm

Şeýle hem okaň: