Iň täze habarlar

Startaplar howa şarlarynda syýahatçylary Ýeriň atmosferasynyň ara çägine galdyrmaga taýýarlanýar

17.07.2024 | 10:58 |
 Startaplar howa şarlarynda syýahatçylary Ýeriň atmosferasynyň ara çägine galdyrmaga taýýarlanýar

Bir bada birnäçe ýaş kompaniýalar şarlary we ýokary göterilýän amatly kapsulalary ulanyp, syýahatçylary ýer atmosferasynyň ara çägine galdyrmaga taýynlanýar. Bu barada Amerikan teleýaýlymy CNBC habar berdi.

Işläp düzüjileriň pikiriçe, gazdan doldurylan şarlar, ýer ýüzüne garanyňda onlarça kilometr syýahatçylar bilen kapsulalary göterip biler. Gürrüň şarlary Ýeriň üstünden 24-30 km belentlikde götermek hakda barýar. Uçuş takmynan 6 sagat dowam eder we gatnaşyjylara bedeniň fiziki ýagdaýy bilen baglanyşykly aýratyn talaplar bolmaz.

Uçýan enjamyň ýokary galmagy we aşak düşmegi gaty rahat bolar. Syýahatçylar bu belentliklerde agramsyzlyk ýagdaýyny başdan geçirmezler. Howa gämilerinde uçlary gadagan edilmedik her bir isleg bildirýän adam şular ýaly howa şarlarynda uçuşlara gatnaşyp biler.

Syýahatçylar üçin aýratyn bölümlerden başga-da World View kompaniýasy şular ýaly uçuşlar üçin döredilen ýerleri merkezi bar, şeýle hem hammam bilen enjamlaşdyrar. Mundan başga-da Amerikan Space Perspective we World View kompaniýalary şuňa meňzeş işjeňligi özleşdirmegi isleýär we Fransuz Zephalto kompaniýasy öňümizdäki uçuşlardaky her bir ýer üçin peteklerini $184,000 satdy. Ilkinji iki kompaniýanyň petekleriniň bahalary $50,000-den $125,000 aralygynda bolar.

ORIENT news

Foto: 3dnews.ru

Şeýle hem okaň: