Iň täze habarlar

Geçen hepde TDHÇMB-da geçirilen söwdalaşykda 19 sany geleşik hasaba alyndy

16.07.2024 | 08:29 |
 Geçen hepde TDHÇMB-da geçirilen söwdalaşykda 19 sany geleşik hasaba alyndy

Geçen hepde Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçirilen söwdalaşykda 19 geleşik hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirliklerinden Gazagystandan, Özbegistandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler, pagta ýagynyň çökündisiniň distillirlenmedik ýagly turşulygyny, portlandsemendi, nebit önümleriniň galyndylaryny, nah ýüplükleri hem-de pagta übtügini satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 5 million 40 müň dollaryndan gowrak boldy.

Türkmenistanly işewürler içerki bazara zerur bolan polipropilen örtüginiň granulýaty, polipropilen örtüginiň aglomeraty, polipropileni («Türkmennebit» DK), düz float aýnasyny we buýan köküniň goýy ekstraktyny satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy 26 million 650 müň manada deň boldy.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyndaky kesilen nyrhlar barada şu salgyda tanyşyp bilersiňiz .

ORIENT news

Foto: exchange.gov.tm

Şeýle hem okaň: