Iň täze habarlar

Dokma senagaty ministri we «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň başlyklary çalşyldy

13.07.2024 | 02:45 |
 Dokma senagaty ministri we «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň başlyklary çalşyldy

12-nji iýulda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň dowmynda Prezident Serdar Berdimuhamedow başga işe geçmegi sebäpli, Resul Rejepowy Dokma senagaty ministri wezipesinden boşatdy. Täze Dokma senagaty ministri wezipesine Nurmuhammet Orazgeldiýewi belledi.

Mundan başgada Döwlet Baştutany Ogulhajat Işangulyýewany, pensiýa gitmegi sebäpli, «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň başlygy wezipesinden boşatdy. Onuň ornuna Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň hem-de Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň başlygy wezipesinde işlän Akjemal Durdyýewany belledi. Bu barada Döwlet teleradiosynyň habarlarynda habar berildi.

ORIENT news

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: