Iň täze habarlar

Dubaý dünýäde iň iri gök bazaryny gurar

12.07.2024 | 09:50 |
 Dubaý dünýäde iň iri gök bazaryny gurar

BAE-niň wise-prezidenti, premýer ministri, Dubaýyň häkimi Şeýh Muhammed ben Raşid Al Maktum azyk önümleriniň söwdasy üçin dünýäde iň iri logistika merkeziniň döredilýändigini habar berdi.

Bu başlangyç emirligiň maýa goýuma ykdysady mümkinçiliklerini giňeltmek boýunça strategiýasy bilen utgaşýar hem-de Dubaýyň D33 ykdysady maksatnamasynyň wezipelerini ýerine ýetirmäge ýardam berýär. Bu maksatnama geljek 10 ýylyň içinde Dubaýyň ykdysadyýetini iki esse artdyrmaga we dünýäniň ykdysady taýdan iň ösen 3 şäheriniň arasynda onuň ornuny pugtalandyrmaga gönükdirilendir.

Bu taslama şeýle-de Dubaýyň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmaga gönükdirilendir. Ol degişli ylalaşygyň çäklerinde DP World kompaniýasy tarapyndan durmuşa geçiriler.

Şeýh Muhammed ben Raşid Al Maktum Dubaýyň strategik taýdan amatly ýerleşmeginiň we ösen infrastrukturasynyň bolmagynyň iri kompaniýalary özüne çekýändigini belledi. Emirlik dürli ulgamlarda eksport we üstaşyr eksport amallary üçin merkez bolmaga çalyşýar.

ORIENT news

Foto: arabianbusiness.com

Şeýle hem okaň: