Iň täze habarlar

KazanForumy üçin meýletinçiler: Halkara gatnaşyjylar we ussatlarça çemeleşme

20.04.2024 | 11:16 |
 KazanForumy üçin meýletinçiler: Halkara gatnaşyjylar we ussatlarça çemeleşme

«Russiýa—Yslam dünýäsi: “KazanForum”» forumy meýletinçilik maksatnamasyna gatnaşmak isleýän 1837 dalaşgäri jemlemegi başardy. Forumyň dowamynda olar wekiliýetleri garşy alarlar, maglumat nokatlarynda hyzmat ederler we çäräni guramaga ýardam bererler.

Meýletinçilige ýüz tutmalary kabul edişlik 5-nji fewralda başlandy. Dalaşgärleriň hatarynda dürli ýurtlaryň, şol sanda Azerbaýjanyň, Alžiriň, Owganystanyň, Bangladeşiň, Bolgariýanyň, Beýik Britaniýanyň, Gananyň, Kongonyň we beýleki ýurtlaryň raýatlary bar.

«Sport we jemgyýetçilik taslamalarynyň müdirligi» girdeji getirmeýän awtonom guramasynyň baş direktorynyň orunbasary Aleksandr Karpow dalaşgärler saýlanyp alnanda olaryň daşary ýurt dillerini bilişine we tejribesine aýratyn üns berlendigini nygtady.

ORIENT news

Foto: kazanforum.ru

Şeýle hem okaň: