Häzirki zaman dünýäsinde 1C programma üpjünçiliginiň önümlerini bilmek, siziň zähmet bazarynda bäsdeşik artykmaçlygyňyz bolup biler. Belli Tilsimat hojalyk jemgyýeti “1C: Zähmet haky we işgärleri dolandyrmak 8” (1С:ЗУП 8) programma üpjünçiligini hödürleýär. Häzirki döwürde bu programma üpjünçiligi işgärleri dolandyrmak we aýlyk hakyny hasaplamak üçin iň meşhur çözgütleriň biri bolup durýar.
«1С: ЗУП 8» - guramalaryň hem-de eýeçiligiň dürli görnüşleri üçin ýaramly bolup durýar.Esasy funksionally: işgärleri dolandyrmak, zähmet haklaryny hasaplamak, salgyt hem-de hasabatlary taýýarlamagynyň esasy amallaryny awtomatlaşdyrýar. Bu parametrleriň ählisi kanun talaplaryna laýyk gelýär.
Hünärmenler üçin «1С: ЗУП 8»-bu ilkinji nobatda wagty we serişdeleri tygşytlamakdyr,gündelik meseleleri awtomatlaşdyrylmagy has möhüm meseleler üçin wagt boşadýar.Programma üpjünçiligi maglumatlaryň takyklygyny we ygtybarlygyny ep-esli ýokarlandyrýar, hasaplamalarda we hasabatda ýalňyşlyk töwekgelçiligini azaldaýar. Şeýle hem işgärleri netijeli dolandyrylmagyň, kadr prosesleriniň has oňaýly çözgütleriniň we işgärleriň höwesini ýokarlandyrmagyň açary bolup durýar.
Belli Tilsimat hojalyk jemgyýetiniň hünärmenler topary her bir müşderiniň talaplaryny göz öňünde tutup, «1С: ЗУП 8» işläp düzülmegi we durmuşa geçirmegi teklip edýär, standart däl meseleleri çözmek üçin standart konfigurasiýany düzmek we programma üpjünçiligi bilen işlemegi öwretmek.Ondan başga-da Belli Tilsimat hojalyk jemgyýetiniň hünärmenleri hünär maslahatlaryny we hyzmat goldawlaryny bermäge hem taýýardyr.
Belli Tilsimat hojalyk jemgyýetiniň hyzmatdaşy bolmak bilen, siz «1С: ЗУП 8»programma üpjünçiliginde işlemekde başarnygyňyzy ösdürip, zähmet bazaryndaky bäsleşik ukyplylygyny ýokarlandyryp, üstünlikli hünär ösüşiňize tarap ädim atyp bilersiňiz. Goşmaça maglumat we maslahatlar üçin şu belgilere jaň edip bilersiňiz: (+99312) 216093, (+99365) 614757.
ORIENT news
