Iň täze habarlar

TDHÇB-de söwdalar: nebithimiýa önümleri ýerlenildi

09.04.2024 | 13:59 |
 TDHÇB-de söwdalar: nebithimiýa önümleri ýerlenildi

Duşenbe güni, 8-nji aprelde, Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda nebithimiýa önümleri ýerlenildi.

Birleşen Arap Emirliklerinden we Owganystandan telekeçiler II tipli ýönekeý gaplama örtügini hem-de «В» kysymly karbamidi satyn almak boýunça «Türkmennebit» we «Türkmenhimiýa» döwlet konsernleri bilen geleşikleri baglaşdylar.

Söwdalaryň dowamynda jemi bahasy ABŞ-nyň 5 725 000 dollaryna deň bolan 7 geleşik baglaşyldy.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň kotirowkalary bilen şu salgyda tanşyp bilersiňiz: (https://www.exchange.gov.tm/quotations).

ORIENT news

Foto: exchange.gov.tm

Şeýle hem okaň: