Özbek estradasynyň ýyldyzlary Farhad we Şirin Magtymgulynyň “Habar ber--şeýledir” goşgusy esasynda aýdym döretdiler we ony ýerine ýetirdiler.
Goşguda iki şahyr göräýmäge ýönekeý soraglara jogap bermekde ýaryşýarlar. Olaryň birisi sowal berýär, beýlekisi bolsa diňleýjileriň şowhunly goldamagynda mynasyp jogap berýär we sözüni “Bizden habar bolsun jogap şeýledir” diýen sözler bilen tamamlaýar.
Şeýle hem Farhad we Şirin bu kompozisiýa üçin wideo taýýarladylar we häzirki wagtda bu wideo internetde millionlarça gezek görülýär.
Magtymgulynyň döredijiligi Merkezi Aziýa ýurtlarynyň halklarynda, şol sanda Özbegistanda iňňän meşhurdyr. Sebäbi ýaş wagty Magtymguly şol döwrüň iň abraýly okuw edaralarynyň biri bolan Hywadaky Şirgazy medresesinde bilim alypdyr.
Köp özbek halk aýdymlary Magtymgulynyň goşgulary esasynda döredilendir. Onuň şygyrlaryny beýik özbek hafizlary Muhiddin Kori Ýokubow, Orif Alimahsumow, Komiljon Otaniýozow, Fahriddin Umarow dagy ýerine ýetirýär.
Farhad we Şirin ozal türkmen tomaşaçylarynyň öňünde çykyş edip, olaryň uly söýgüsine mynasyp bolupdylar.
Özbek paýtagtynyň köçeleriniň biriniň Magtymgulynyň adyny göterýändigini hem bellemek gerek.
ORIENT news
