“Geo News”-yň habaryna görä, Pakistanyň Halk partiýasynyň egindeş başlygy Asif Ali Zardari Pakistanyň 14-nji Prezidenti wezipesine saýlandy. Zardari ozal hem 2008-nji ýyldan 2013-nji ýyla çenli ýurduň Prezidenti bolupdy. Indi ol ikinji gezek döwlet Baştutany boldy.
Päkistanyň ilkinji zenan premýer-ministri Benazir Bhuttonyň (2007-nji ýylda ýogalan) ýoldaşy Zardari, parlament saýlawlarynda 255 saýlaw sesini alyp, başga bir dalaşgär, Birleşen sünni geňeşiniň wekili Mahmud Han Açakzaýdan öňe geçdi.
Pakistanda Prezident saýlawlary 9-njy martda geçirildi. Pakistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda, olaryň işleri parlament saýlawlaryndan bir aý soň ýa-da häzirki döwlet Baştutanynyň Prezidentlik möhletiniň gutarmagyndan bir aý öň geçirilýär.
3-nji martda Pakistanyň Musulman ligasynyň ýolbaşçysy-Nawaz Şahbaz Şarif Yslam Respublikasynyň täze premýer-ministri wezipesine saýlandy.
Zardari, 2007-nji ýylda üçünji möhlete saýlaw kampaniýasy wagtynda ýogalan Pakistanyň ilkinji zenan premýer-ministri Benazir Bhuttonyň adamsydyr.

ORIENT news
