Iň täze habarlar

Türkmenistanda innowasiýa ösüşleri üçin “Oguz han” ylmy-tehnologiýalar merkezi dörediler

01.03.2024 | 23:43 |
 Türkmenistanda innowasiýa ösüşleri üçin “Oguz han” ylmy-tehnologiýalar merkezi dörediler

Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen bilelikde “Oguz han” ylmy-tehnologiýalar merkezi dörediler. Bu baradaky Karara Prezident Serdar Berdimuhamedow anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde gol çekdi.

Duşuşykda bellenip geçilişi ýaly, öz-özüni dolandyrýan esasda işlejek bu merkeziň esasy maksady, innowasiýa nano, bio we maglumat tehnologiýalary, kiberhowpsuzlyk, sanly tehnologiýalar, emeli aň önümlerini döretmek we, maglumat we aragatnaşyk, kompýuter we ykjam programmalar, elektron enjamlary durmuşa geçirmekdir.

Täze ylmy-tehnologiki merkez, ylym, önümçilik we senagatyň ileri tutulýan ugurlarynyň ösmegine we ýaşlaryň innowasiýa we tehnologiki döredijilige işjeň gatnaşmagyna itergi bermek üçin döredildi. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi. Mundan başga-da, bu merkez gözlegleri geçirer we dünýä tehnoparklarynyň, gözleg we bilim merkezleriniň öňdebaryjy tejribesini özüne çeker.

Bu resminama, wise-premýer Nurmuhammet Amannepesowyň täze merkezde zähmet çekmäge ýaş hünärmenleri işjeň çekmek barada alan görkezmelerinden we bu barada beren hasabatyndan soň gol çekildi.

ORIENT news

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: