Iň täze habarlar

TDHÇB-de söwdalar: daşarky we içerki bazarlarda nebithimiýa önümleri uly islegden peýdalandy

29.02.2024 | 14:29 |
 TDHÇB-de söwdalar: daşarky we içerki bazarlarda nebithimiýa önümleri uly islegden peýdalandy

Çarşenbe güni, 28-nji fewralda, Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda daşarky we içerki bazarlarda ýurdumyzda öndürilýän nebithimiýa önümleri uly islegden peýdalandy.

Birleşen Arap Emirliklerinden we Özbegistandan telekeçiler «TPP D 382 BF» kysymly polipropileni satyn almak boýunça «Türkmennebit» döwlet konserni bilen geleşik baglaşdylar.

Içerki bazarda türkmen telekeçileri «Türkmennebit» döwlet konserninden «KO-20» kysymly kerosini satyn aldylar.

Söwdalaryň dowamynda jemi bahasy 546 000 manatlyk we 750 000 dollarlyk 3 geleşik baglaşyldy.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň kotirowkalary bilen şu salgyda tanşyp bilersiňiz.

ORIENT news

Foto: exchange.gov.tm

Şeýle hem okaň: