Iň täze habarlar

TDHÇB-de söwdalar: daşarky bazara suwuklandyrylan gaz we polipropilen ýerlenildi

27.02.2024 | 15:28 |
 TDHÇB-de söwdalar: daşarky bazara suwuklandyrylan gaz we polipropilen ýerlenildi

Duşenbe güni, 26-njy fewralda, Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda daşarky bazara suwuklandyrylan gaz we polipropilen ýerlenildi.

Owganystanyň we Türkiýäniň telekeçileri suwuklandyrylan gazy, «TPP D 30 S» we «TPP D 382 BF» kysymly polipropileni satyn almak boýunça «Türkmennebit» döwlet konserni bilen geleşik baglaşdylar.

Söwdalaryň dowamynda jemi bahasy ABŞ-nyň 14 599 000 dollaryna deň bolan 13 geleşik baglaşyldy.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň kotirowkalary bilen şu salgyda tanşyp bilersiňiz.

ORIENT news

Foto: exchange.gov.tm

Şeýle hem okaň: