Türkmenistanyň Prezidenti 8-nji mart mynasybetli aýal-gyzlara pul sowgatlaryny gowşurmak barada Buýruga gol çekdi
23.02.2024 | 21:56 |Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň gülläp ösmeginde hem-de özgertmeleri durmuşa geçirmekde zenanlarymyzyň bitirýän uly hyzmatlaryny, Watanymyza wepaly, sagdynhem ruhubelent nesilleri terbiýeläp ýetişdirýändiklerini nazarda tutup, şeýle hem ata-babalarymyzyň mähriban enelerimize, eziz uýalarymyza hormat goýmak baradaky asylly däplerini dowam etdirmek maksady bilen Prezident Serdar Berdimuhamedow 8-nji martda Halkara zenanlar güni mynasybetli Türkmenistanyň aýal-gyzlaryna pul sowgatlary gowşurmak barada Buýruga gol çekdi.
Resminamada, Resminama laýyklykda, eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli kärhanalarda, edaralarda, guramalarda işleýän, pensiýa we döwlet kömek puluny alýan, önümçilikden aýrylmak şerti bilen aspiranturada, doktoranturada we kliniki ordinaturada okaýan aýal-gyzlara, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň iki okuw ýylyndan az bolmadyk möhletli okuwlarynyň diňleýji aýal-gyzlaryna, talyp gelin-gyzlara, orta mekdeplerde okaýan we mekdebe çenli çagalar edaralarynda terbiýelenýän gyzlara 2024-nji ýylyň 1-6-njy marty aralygynda Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan Halkara zenanlar güni mynasybetli 60 (altmyş) manat möçberinde pul sowgatlaryny dabaraly ýagdaýda gowşurmak barada aýdylýar.
ORIENT news