Iň täze habarlar

Änew medeniýeti – dünýä alymlarynyň üns merkezinde

24.02.2024 | 00:05 |
 Änew medeniýeti – dünýä alymlarynyň üns merkezinde

Türkmenistanyň “Gadymy Änew medeniýeti” atly halkara ylmy maslahatyna gatnaşmaga çagyrýar. Forum, Änew şäheriniň 2024-nji ýylda türki dünýäsiniň medeni paýtagty hökmünde yglan edilmegine bagyşlanan çäreleriň başlanmagynyň ertesi güni ýagny, 27-nji martda geçiriler. Maslahatyň wekiliýetleri geçiriljek bu dabaralara hem gatnaşarlar.

2 (1).JPG

Simpoziuma ABŞ-dan, Russiýadan, Türkiýeden, Belarusdan, Özbegistandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan we beýleki ýurtlardan taryhçylar, etnograflar, arheologlar, dikeldiş arhitektorlar, sungatşynaslar, muzeý hünärmenleri çagyrylýar. Bu barada anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde aýdyldy. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi.

3 (1).JPG

Änew medeniýetiniň açylmagy diňe bir Günorta Türkmenistanyň taryhy üçin däl, eýsem gadymy Gündogaryň oba hojalygynyň taryhy üçin hem möhüm ähmiýete eýe boldy. Änew medeniýetini öwrenmek XIX asyryň 80-nji ýyllarynda başlandy we birnäçe gezek sensasiýa tapyndylary bilen bellendi.

ORIENT news

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: