«Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny» üstünlikli durmuşa geçirmegiň çäklerinde Halk Maslahaty we döwlet dolandyryş beýleki edaralary tarapyndan durmuşa geçirilmeli işleriň meýilnamasy tassyklandy. Bu barada türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçiren Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde mälim edildi.
Prezidiumyň mejlisinde kanun taslamalaryny taýýarlamak boýunça döredilýän iş toparlarynyň düzümine öňdebaryjy pikirleri, döwrebap teklipleri öňe sürmek üçin ökde, tejribeli hünärmenleri, bilermenleri giňden çekmegiň, Türkmenistanyň Prezidentiniň öňe süren başlangyçlaryny, tabşyryklaryny hem-de kabul eden çözgütlerini kanunçylyk taýdan üpjün etmek boýunça çäreleri görmegiň wajypdygy nygtaldy.
Hereket edýän kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça seljerme işlerini geçirmek, teklipleri işläp taýýarlamak üçin Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynda deputatlardan, beýleki döwlet edaralarynyň we jemgyýetçilik birleşikleriniň wekillerinden ybarat hukuk-bilermenler toparyny döretmek barada hem aýdyldy.
Kanunlardan gelip çykýan kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň öz wagtynda işlenip taýýarlanylmagyny üpjün etmek we degişli edaralar tarapyndan gözegçilik, usuly, amaly, maslahat beriş toparlaryny döretmek, olaryň işini guramak geljegi uly ugurlaryň hatarynda görkezildi.
Kanun çykaryjylyk işiniň nazary we amaly meseleleri boýunça alymlaryň, hünärmenleriň, bilermenleriň Halk Maslahatynyň agzalary we Mejlisiň deputatlary bilen duşuşyklaryny guramagyň, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde kabul edilen çözgütleriň, berlen tabşyryklaryň, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2024-nji ýylda ýurdumyzy ösdürmegiň esasy ugurlaryna degişli kabul eden Kararlarynyň, tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, ýurdumyzy ösdürmegiň orta we uzak möhletli Maksatnamalarynyň maksatlary we ileri tutulýan ugurlary barada maslahatlary geçirmegiň wajypdygy bellenildi.
Gurbanguly Berdimuhamedow alnyp barylýan işleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegiň we olary Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlislerinde ara alyp maslahatlaşmagyň zerurdygyna ünsi çekdi. Bu işleri geçirmek üçin Prezidiumyň mejlisiniň gün tertibine Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň hem-de Ministrler Kabinetiniň mejlislerinde kabul edilen çözgütler, berlen tabşyryklar bilen öňde goýlan wezipeleri öz wagtynda durmuşa geçirmek boýunça soraglary işläp taýýarlamak we girizmek möhümdir.
Olar beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny halkara derejede giňden belläp geçmek; Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň we Geňeş agzalarynyň jemgyýetimiziň agzybirligini has-da berkitmek, maksatnamalarda öňde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşmaklaryny üpjün etmek; ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, her bir zähmetkeşi üstünlikli işlere ruhlandyrmak, ykdysadyýetiň hususy pudagyny we hyzmatlar bölegini ösdürmegiň, importyň ornuny tutýan önümçiligi goldamagyň hem-de gurluşyk işleriniň konsepsiýalaryny, eksport ugurly senagaty goldamagyň, şäherleri ösdürmegiň strategiýasynyň taýýarlanylmagyna işjeň gatnaşmak; ýaşlar bilen işleşýän ýöriteleşdirilen guramalaryň işini güýçlendirmek; ýurdumyzda okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny, ylym ulgamyny ösdürmegiň Strategiýasyny işläp taýýarlamak; täze kanunçylyk namalaryny kabul etmek hem-de kanunlary yzygiderli kämilleşdirmek babatda degişli işleri alyp barmakdan ybaratdyr.
ORIENT news
