Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Prezident Diwanynyň ozalky ýolbaşçysy Olžas Beketenowy ýurduň Premýer-ministri wezipesine belledi. Bu barada "Akordanyň" metbugat gullugy habar berdi.
Mundan ozal, ýurduň Mažilisiniň (parlamentiň aşaky palatasy) deputatlarynyň köpüsi Prezident Tokaýewiň Premýer-minsitrlige Olžas Bektenowy hödürlemek baradaky teklibini makulladylar.
"Biziň öňümizde hakykatdan-da ägirt uly maksatlar we wezipeler dur. Olary eýýämden gaýragoýmasyz durmuşa geçirmäge girişmek zerurdyr. Eger-de biz ykdysadyýetimizi ösdürmek, onuň görkezijisini ýakyn ýyllarda atdyrmak isleýän bolsak, bize munuň üçin täze pikirli we garaýyşly adamlar gerek bolýar. Şonuň üçin-de Hökümetiň düzümi üýtgediler we täze adamlar belleniler" diýip, Prezident Tokaýew ýurduň Mažilisiniň öňünde eden çykyşynda aýtdy.
Ýurduň täze Hökümet Baştutany hem Mažilisiň öňünde çykyş etdi. 43 ýaşly Olžas Bektenow Gazagystanyň Döwlet hukuk akademiýasyny tapawutlanan diplom bilen tamamlady. Ol Almaty şäheriniň kazyýet, ulgamynda, ýurduň Premýer-ministriniň resminamalar bölüminde birnäçe ýyl işledi. Soňlugy bilen ol, Prezident Diwanyna, Korrupsiýa garşy göreşmek boýunça agentlige ýolbaşçylyk etdi.
ORIENT news
