Ýurdumyzyň Daşoguz welaýatynyň “Daşoguz habarlary” gazeti “Beýik Pyragynyň arzuw eden ajap eýýamy” atly döredijilik bäsleşigini yglan etdi.
Bäsleşik 2024-nji ýylyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň Geňeşiniň welaýat birleşmesi bilen bilelikde geçirilýär. Bäsleşigiň maksady ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalaryň çäklerinde amala aşyrylýan özgertmeleri wagyz etmekden ybaratdyr.
Bäsleşige gatnaşmaga gyzyklanma bildirýänler makalalary, oçerkleri we zarisowkalary hödürlemeli. Olar ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşine goşant goşýan durmuş-önümçilik desga ýa-da şahsyýet barada anyk maglumatlar arkaly çeper beýan etmeli.
Işleri “Daşoguz habarlary” gazetiniň redaksiýasyna 2024-nji ýylyň iýun aýynyň 17-sine çenli ugratmaly. Redaksiýanyň salgysy (Daşoguz şäheri, Gurbansoltan eje adyndaky köçe, 8-nji jaý). Şeýle hem bäsleşige gatnaşyjylar öz işlerini dashoguz.habarlary@sanly.tm elektron poçtasyna ugradyp bilerler. Şeýle hem gatnaşyjylar habarlaşmak üçin özleri baradaky maglumatlary ibermeli.
Işleriň möçberi 2-3 sahypadan köp bolmaly däl.
Tapawutlanan işler «Daşoguz habarlary» gazetiniň sahypalarynda çap ediler.
Bäsleşigiň jemleri Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününde — 2024-nji ýylyň 27-nji iýunynda yglan ediler.
Bäsleşigiň ýeňijilerine Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlar gowşurylar.
ORIENT news
