Özbegistanda “Merkezi Aziýanyň zenan liderleri” atly halkara reýting sanawy çap edildi. Bu sanaw bilermenleriň ýardam etmeginde ýurduň “Ýuksaliş” Hereketi bilen Durmuş we ykdysady başlangyçlar instituty tarapyndan taýýarlandy.
Bu reýting sebitdäki durmuşyň dürli ugurlarynda, şol sanda syýasat, işewürlik, bilim, ylym, sungat we jemgyýetçilik meselelerine oňyn täsir eden zenanlary ýüze çykarmak maksady bilen döredildi. Hünärmenler dalaşgärleriň täsir edijilik derejesini kesgitlänlerinde, matematiki we empirik usullara bil bagladylar.
Saýlawyň birinji tapgyrynda dalaşgärlere aşakdakylar boýunça baha berildi: wezipesi we karar kabul etmekdäki täsirlilik derejesi (10 bal); aýdan täsirli sözleri we tanalmak derejesi (10 bal); jemgyýetçilik-syýasy we ykdysady başlangyçlary öňe sürmegi (5 bal).
Sanawy düzmegiň ikinji tapgyrynda Merkezi Aziýa ýurtlaryndan 300-den gowrak hünärmeniň gatnaşmagynda onlaýn ses berişlik geçirildi. Ses berişlige gatnaşan bilermenleriň arasynda ombudsmenler, öňdebaryjy “pikir” merkezleriniň ýolbaşçylary, parlamentariler, alymlar, şeýle hem Merkezi Aziýada akkreditirlenen raýat jemgyýetçilik birleşikleriniň we halkara guramalarynyň wekilleri bar.
Merkezi Aziýanyň iň täsirli 40 zenan liderleriniň arasynda Türkmenistanyň iki wekili - Mejlisiň Başlygy Dünýagözel Gulmanowa we daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bar.
34 ýaşly Dünýagözel Gulmanowa Türkmenistanyň taryhynda iň ýaş parlament ýolbaşçysydyr. Bilermenler onuň saýlanmagynyň ýurduň syýasy durmuşynda möhüm özgertemelere getirendigini belleýärler. Geçen parlament saýlawlarynyň netijelerine görä, deputatlaryň 25,60% -i zenanlar ybarat boldy. Deputatlaryň düzüminde ýaşlaryň tutýan orny artdy: onuň 10 göterime golaýyny 30 ýaşa çenli raýatlar, 40,8 göterimini hem 40 ýaşa çenli raýatlar düzýär.
Mähri Bäşimowa Türkmenistanyň Daşary işler ministrligindäki esasy iş wezipelerinden başga-da, “ýaşyl” ykdysadyýeti ösdürmek, ekologiýa taýdan arassa täze tehnologiýalary ulanmak bilen baglanyşykly taslamalary işjeň goldaýar we BMG-niň ýokary derejeli sessiýalaryna gatnaşýar.
Soňky ýyllarda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň öňdebaryjy zenanlary bilen aragatnaşyk gurmak, hyzmatdaşlygy giňeltmek we tejribe alyşmak üçin platformalar döredildi. Olar Merkezi Aziýanyň zenan ýolbaşçylarynyň gepleşiklerini, sebit ýurtlaryndan işewür aýal-gyzlaryň gatnaşmagynda işewürlik forumlaryny we beýleki çäreleri guraýarlar.
ORIENT news
