Syýahatçylar üçin Travel + Leisure (T+L) žurnaly Stambul şäherini 2024-nji ýylda syýahatçylyk üçin gowy 50 ýeriň sanawyna goşdy. Indi bu şäher geljek ýylda syýahatçylyk üçin maslahat berilýän ugur bolýar. Iki yklymda geçmişi we häzirki zamany özünde sazlaşykly utgaşdyrýan döwrebap düzümli Stambul şäheri “2024-nji ýylda syýahatçylyk üçin iň gowy 50 ýer” bölüminde “Şäheriň galdyran uly täsirleri” ugrunyň üstüni ýetirdi.
Stambul: Türkiýäniň gözel şäheri
T+L žurnaly öz sahypalarynda dünýäniň iň meşhur şäherleriniň biri bolan Stambuly jikme-jik taryp edýär. Şäheriň taryhy ýadygärlikleri, onuň köp medeniýetli düzümini beýan edýän binagärligi, baý medeni durmuşy we şopping üçin giň mümkinçilikleri myhmanlarda uly täsir galdyrýar.

Makalada T+L-iň Ýewropadaky okyjylary tarapyndan Stambulyň 2023-nji ýylda iň gowy şäher diýip ykrar edilendigi nygtalýar we Bosforyň durky täzelenen kenarýakasy barada aýratyn gürrüň berilýär.
Hususan-da, ady belli binagär Renso Piano tarapyndan döredilen Itsanbul Modern Şekillendiriş we heýkeltaraşlyk muzeýi hem-de The Peninsula Istanbul barada bellenilip geçilýär.
Şeýle hem makalada Stambulyň restoranlary, myhmanhanalary, Michelin ýyldyzly restoranlary, şopping üçin bar bolan dürli mümkinçilikleri barada aýdylýar.

Türkiýäniň iň çalt ösýän we iri şäheri bolan Stambul Conde Nast Traveller, Forbes we Time Out ýaly dünýäniň meşhur neşirleri tarapyndan düzülen syýahatçylyk etmek üçin iň gowy ýerleriň sanawyna dürli ugurlar boýunça girizildi.
Travel + Leisure žurnalynyň sanawy kän bir meşhur bolmadyk ugurlary we dünýäniň iň meşhur syýahatçylyk ýerlerini özünde jemleýär. Bu sanaw 20-ä golaý bilermenler tarapyndan düzüldi we şu bölümlerden ybarat: “Medeniýet”, “Tagamlar we içgiler”, “Şäherden galan uly täsirler”, “Tebigaty söýýänler üçin”, “Plýaž howasy” hem-de “Ýiti duýgulary başdan geçirmegi halaýan syýahatçylar üçin”.
ORIENT news
