Türkmenistanyň Prezidenti duşenbe güni geçirilen Hökümet mejlisinde Halkara Bitaraplyk güni mmynasybetli iş kesilen raýatlaryň günäsini geçmek hakynda Permanlara gol çekdi. Resminama laýyklykda, iş kesilen we ak ýürekden toba gelen Türkmenistanyň 302 raýatlary hem-de 6 daşary ýurt raýatlary mundan beýläk azatlykdan mahrum etmek görnüşindäki esasy jeza çäresini çekmekden boşadyldy.
Baýramçylyk mynasybetli Hökümet agzalarynyň, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretarynyň we Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň, konsullyk edaralarynyň we halkara guramalaryň ýanyndaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisinde Prezident Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretaryna hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary bilen bilelikde, günäsi geçilen adamlary tussaglykdan boşadyp, olar ýakyn wagtda öýlerine, maşgala agzalarynyň arasyna barar ýaly, ähli zerur işleri geçirmek barada görkezme berdi.
Welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň häkimlerine, beýleki ýolbaşçylara günäsi geçilen adamlary iş bilen üpjün etmek boýunça degişli çäreleri amala aşyrmak tabşyryldy.
ORIENT news
