Iň täze habarlar

Gazagystan 2024-nji ýylda bitewi sagat zolagyna geçer

08.12.2023 | 15:44 |
 Gazagystan 2024-nji ýylda bitewi sagat zolagyna geçer

Gazagystanyň Söwda we integrasiýa ministrligi hökümetiň ýurtda wagt hasaplamagyny kadalaşdyrýan kararyna üýtgetme girizmek üçin taslamany hödürledi. Oňa laýyklykda, Gazagystan bäşinji wagt zolagyny (UTC + 05.00) tutuş çäginde birmeňzeş ulanmagy maksat edinýär diýip, ministrligiň metbugat gullugy habar berdi.

Makullanan halatynda täze bitewi wagt zolagyna geçiş 2024-nji ýylyň 1-nji martynda bolar. Astana, Almaty we Şymkent şäherlerinde, şeýle hem Abaý, Akmola, Žambyl, Žetysu, Karaganda, Kostanaý, Pawlodar, Demirgazyk Gazagystan sebiti, Türküstan, Ulytau we Gündogar Gazagystanyň sebitlerinde ýerli wagt bir sagat yza süýşer .

Gazagystan iki wagt zolagyny ulanýar: UTC + 05.00 we UTC + 06.00. Ýurduň köp böleginde, günbatar sebitlerden başga, UTC + 06.00 wagt zolagy ulanylýar.

Alymlaryň pikiriçe, häzirki wagt zolagy UTC + 06.00 biologiki ritmlere we adamyň saglygyna ýaramaz täsir edýän tebigy gün wagtyna laýyk gelmeýär.

Ylmy ylalaşyk, saglygy goramak üçin gün wagtyna mümkin boldugyça ýakyn wagt zolaklaryny ulanmagyň iň gowudygyny we Gazagystanyň hemme ýerinde bir wagta UTC + 05.00 geçmek iň oňaýly görülýär.

Alymlar 175 ýurduň bir wagt zolagyny ulanýandygyny aýdýarlar. Diňe 22 döwlet iki ýa-da has köp wagt zolagyny ulanýar.

ORIENT news

Foto: Getty Images

Şeýle hem okaň: