ABŞ-Türkmenistan Işewürlik geňeşi (USTBC) her ýylda däp bolşy ýaly, bu ýyl 5-7-nji dekabr aralygynda Aşgabada ýyllyk iş saparyny amala aşyrar. Saparyň dowamynda Türkmenistanyň birnäçe ýokary derejeli Hökümet agzalary bilen "tegelek stol" görnüşli maslahatlaşmalar we ABŞ-nyň ilçihanasy bilen özara gepleşikler geçiriler.
ABŞ-Türkmenistan işewürlik geňeşiniň forumy Aşgabadyň “Ýyldyz” myhmanhanasynda geçiriler. Bu ýerde iki ýurduň işewür toparlarynyň wekilleri ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giňişleýin meýilnamasyny ara alyp maslahatlaşarlar. ABŞ-Türkmenistan Işewürlik geňeşiniň ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuartyň ýolbaşçylygyndaky amerikan wekiliýetiniň düzümine “Climate Compass”, “Case New Holland”, “Honeywell”, Jon Dir, “Palo Alto Networks”, “Visa” we “Westport Trading Europe Ltd.” ýaly kompaniýalaryň wekilleri girer.
Şu ýylyň aprel aýynda hem Erik Stýuartyň ýolbaşçylygyndaky amerikan kompaniýalarynyň birnäçesiniň ýolbaşçylarynyň wekiliýeti Türkmenistana sapar bilen gelipdi. Bu geňeşiň ýerine ýetiriji direktorynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet agzalary Prezident Serdar Berdimuhamedow tarapyndan kabul edildi.
Türkmenistan-ABŞ Işewürlik geňeşi, Türkmenistanyň Halk Maslhahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň teklibi bilen Nýu-Ýorkda ABŞ-nyň işewür toparlary bilen geçirilen duşuşykda öňe sürlüp döredilipdi. Dolandyryş merkezi Waşingtonda ýerleşýän bu telekeçilik däl guramasy Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky söwda gatnaşyklaryny ösdürýär.
ORIENT news
