Iň täze habarlar

EKSPO-2030 bütindünýä sergisi Er-Riýadda geçer

30.11.2023 | 04:13 |
 EKSPO-2030 bütindünýä sergisi Er-Riýadda geçer

Halkara sergiler býurosy 2030-njy ýylda Bütindünýä sergisiniň Saud Arabystanynyň paýtagty Er-Riýadda geçiriljedigini yglan etdi.

Bu ählumumy çäräni 2030-njy ýylyň oktýabr aýyndan 2031-nji ýylyň mart aýy aralygynda geçirmek meýilleşdirilýär.

Saud Arabystany öz bäsdeşlerinden – Günorta Koreýadan (Pusan şäheri) we Italiýadan (Rim şäheri) ep-esli öňe gitmegi başardy. Saud Arabystany üçin gatnaşyjy ýurtlaryň 119-sy, Günorta Koreýa üçin 29-sy, Italiýa üçin bolsa 17-si ses berdi.

Saud Arabystanynyň mirasdüşer şazadasy Muhammet Ibn Salman Al Saud Patyşalygyň ýüz tutmasyny goldan ýurtlara hoşallygyny beýan edip, Bütindünýä sergisinde ählumumy jemgyýetçiligi kabul etmäge taýýardygyny nygtady. Ol Saud Arabystanynyň serginiň “Özgerilişikler eýýamy: öňdengörüjilikli geljegiň hatyrasyna bilelikde” atly baş şygaryny gazanmak üçin ýüztutmada göz öňünde tutulan ähli borçnamalary ýerine ýetirjekdigine ynandyrdy.

Saud Arabystany çäräniň baş meýilnamasynyň bahasynyň 7,8 mlrd dollara deňdigini yglan etdi. Meýilnama laýyklykda, sergi häzirki wagtda gurluşygy alnyp barylýan Patyşa Salman adyndaky halkara howa menziliniň golaýynda ýaýbaňlandyrylar.

Myhmanlar serginiň geçirilýän ýerine “Metro Er-Riýad” ulgamy bilen sanlyja minudyň içinde baryp bilerler.

Sergide jemi 226 pawilýon ýerleşdiriler.

ORIENT news

Foto: arabianbusiness.com

Şeýle hem okaň: