Iň täze habarlar

China daily: Hytaý 2023-nji ýylda iň iri awtoulag eksportçysy bolar

30.11.2023 | 12:38 |
 China daily: Hytaý 2023-nji ýylda iň iri awtoulag eksportçysy bolar

2023-nji ýylda Hytaýyň dünýäde iň iri awtoulag eksportçysy bolmagyna garaşylýar diýip, China daily habar berýär.

Germaniýanyň barlag institutynyň soňky hasabatyna görä, Hytaý ýanwar aýyndan sentýabr aýyna çenli daşary ýurtlara 3,4 mln awtoulag satdy. Munuň özi, şol döwürde degişlilikde 3,2 mln we 2,4 mln awtoulag eksport eden Ýaponiýadan we Germaniýadan köpdür.

Geçen ýyl hem Hytaý awtoulaglaryň ekporty boýunça Germaniýadan öňe geçipdi.

Halkara söwdasyna ýardam bermek boýunça Hytaý geňeşiniň wekili Wan Sýanyň aýtmagyna görä, hytaý awtoulaglarynyň daşary ýurtlardaky meşhurlygy olaryň elektrifikasiýasyndaky aýratynlyklary bilen şertlendirilendir. Litiý-ion akkumulýatorlarynyň önümçiliginde Hytaýyň öňdebaryjylygy ýurduň kärhanalaryna çykdajylary azaltmaga mümkinçilik berýär.

Hytaýyň awtomobil ekportynyň ugurlary hem ýuwaş-ýuwaşdan Ýewropa, Demirgazyk Amerika we beýleki ugurlara giňedi. Maglumatlar 2022-nji ýylda Ýewropa Bileleşiginiň elektromobil bazarynyň 8% hytaý brendleriniň paýyna düşýändigini görkezýär we 2025-nji ýylda bu görkezijiniň 15% çenli ýetmegine garaşylýar.

ORIENT news

Foto: chinadaily.com.cn

Şeýle hem okaň: