Iň täze habarlar

FIFA Katar Qatar Airways bilen hyzmatdaşlygy 2030-njy ýyla çenli uzaltdy

29.11.2023 | 04:05 |
 FIFA Katar Qatar Airways bilen hyzmatdaşlygy 2030-njy ýyla çenli uzaltdy

Halkara futbol federasiýasy Kataryň Qatar Airways milli awiakompaniýasy bilen hyzmatdaşlygy 2030-njy ýyla çenli uzaltdy.

2017-nji ýyldan bäri ýola goýlan hyzmatdaşlyk, şeýle hem birnäçe futbol ýaryşlaryny, şol sanda 2026-njy we 2030-njy ýyllarda erkekleriň arasynda geçjek dünýä çempionatlarynyň, 2027-nji ýylda zenanlaryň arasynda geçjek dünýä çempinatyny, şeýle hem beýleki ýaryşlary şöhlelendirmegi öz içine alýar.

2022-nji ýylda Katarda geçen futbol boýunça dünýä çempionatynda bolşy ýaly, Qatar Airways ýörite syýahatçylyk paketlerini, şol sanda oýunlara petekleri, uçar peteklerini we myhmanhanada bolmagy özünde jemleýän paketleri hödürlär.

“Şu gün men Qatar Airways bilen FIFA-nyň arasynda hyzmatdaşlygymyzy uzaldýandygymyzy habar berýändigime örän buýsanýaryn. Bu ajaýyp hyzmatdaşlyk FIFA, şeýle hem Qatar Airwaysa uly üstünlik getirdi” diýip, FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino aýtdy. 2030-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň oýunlary üç yklymda alty ýurtda geçiriler.

2022-nji ýylyň Katarda geçen dünýä çempionatynda bu awiakompaniýa 14 müňe ýakyn uçuşy amala aşyrdy.

ORIENT news

Foto: theaviatorme.com

Şeýle hem okaň: