Iň täze habarlar

Böwrek ýetmezçiliklerini bejermegiň täze usuly işlenip taýýarlanyldy

12.10.2023 | 15:18 |
 Böwrek ýetmezçiliklerini bejermegiň täze usuly işlenip taýýarlanyldy

Sankt-Peterburg şäherindäki Turner adyndaky merkezde dogabitdi böwrek näsazlykly doglan kiçi ýaşly çagalary bejermegiň täze usuly işlenip taýýarlanyldy. Ol Birleşen döwletleriň - Russiýanyň we Belarusyň alym lukmanlary tarapyndan hassalara hödürlenilýär. Ol çagalary böwrek kemçiliklerinden doly halas bolmaga arkaýyn ýaşamaga mümkinçilik döredýär diýip, "BELTA" habarlar agentligi mälim edýär.

Bellenişi ýaly, dogabitdi böwrek kemçilikli doglan adamlar 25 ýaşa çenli hem örän seýrek ýaşaýarlar. Şu wagta çenli şeýle dertdäki çagalary bejermek üçin bejeriş usuly ýokdy.

Täze "nou-hau" kompýuter programmasy arkaly böwregiň kemçilikli ýerine 3D usulda bölekleri taýýarlaýar we ol bölek hirurgiýa arkaly çagalaryň kemli ýerine oturdylýar.

Modelirlemek usuly her bir hassanyň böwreginiň kemli ýerini takyk kesgitlemäge, böwrek diwarlarynyň kemli ýerlerini bejermäge we netijede döş kapasasynyň görüşini kadalaşdyrmaga ýardam edýär.

Täsin gurluş titan garyndysyndan taýýarlanylyp, ol soňra näsazlyklary döretmeýär. Bu önümler Birleşen döwletlerde öndürilip, häzirki wagtda Russiýada we Belarusda peýdalanylýar. Turner adyndaky merkeziň alym lukmanlary täze usuly beýleki sebitlerdäki kärdeşlerine öwredip başladylar.

Turner adyndaky merkeziň direktory Sergeý Wissarionowyň bellemegine görä, bu merkez özüniň täze işläp taýýarlamalary bilen GDA ýurtlarynyň, şol sanda Gazagystanyň we Özbegistanyň ylmy-barlag merkezleriniň hünärmenleri bilen hyzmatdaşlyk edýär.

ORIENT news

Foto: "BELTA" habarlar agentligi

Şeýle hem okaň: