Iň täze habarlar

Serdar Berdimuhamedow baýramçylyk günlerinde edara-kärhanalarda gije-gündizleýin nobatçylygy ýola goýmagy tabşyrdy

23.09.2023 | 15:19 |
 Serdar Berdimuhamedow baýramçylyk günlerinde edara-kärhanalarda gije-gündizleýin nobatçylygy ýola goýmagy tabşyrdy

Prezident Serdar Berdimuhamedow Garaşsyzlygyň 32 ýyllyk baýramynyň bellenýän günlerinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryna we ähli edara-kärhanalaryň, häkimlikleriň ýolbaşçylaryna gije-gündiziň dowamynda nobatçylygy guramagy tabşyrdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýewe hem-de harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryna örän köp çäreleri geçirmegiň göz öňünde tutulýandygy bilen baglylykda, döwlet serhedinden başlap, ýurdumyzyň içinde tertip-düzgüniň berk berjaý edilişine gözegçilik etmegi tabşyrdy.

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, baýramçylyk günlerinde bagtyýar raýatlarymyz üçin täze ýaşaýyş jaýlaryny açyp ulanmaga berýäris, täze binalaryň düýbüni tutýarys. Munuň özi Garaşsyz döwletimiziň adam hakynda edýän hakyky aladasynyň ýene-de bir aýdyň mysalydyr.

ORIENT news

Foto: Redaksiýanyň arhiwinden

Şeýle hem okaň: