Iň täze habarlar

Gökdepe etrabynda döredilen täze ilatly ýerlere at we oba derejesi berildi

22.09.2023 | 09:18 |
 Gökdepe etrabynda döredilen täze ilatly ýerlere at we oba derejesi berildi

Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda döredilen täze ilatly ýerlere oba derejesini bermek we olara at dakmak hakynda Türkmenistanyň Mejlisi Karar kabul etdi. Bu barad Döwlet habarlar agentligi habar berýär.

Resminama laýyklykda, Gökdepe etrabynda döredilen täze ilatly ýerlere oba derejesi berildi we Köpetdag geňeşliginiň çäginde döredilen oba «Köpetdagyň ýalkymy» ady, Owadandepe geňeşliginiň çäginde döredilen oba «Nurly zaman» ady dakyldy.

Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Köpetdag geňeşliginiň edara ediş merkezi Köpetdagyň ýalkymy obasyna geçirildi. Beýleki oba - Gökdepe etrabynyň Owadandepe geňeşliginiň edara ediş merkezi Nurly zaman obasyna geçirildi.

Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň çäginde döredilen täze ilatly ýerler hem «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynda» bellenen wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylýandygyna şaýatlyk edýär.

ORIENT news

Foto: turkmenistan.gov.tm

Şeýle hem okaň: