Samsung

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Media
Anons
Tehnologiýalar
Biz barada
Habarlaşmak üçin

Merkezi Aziýa döwletleriniň we Germaniýanyň Prezidentleri Berlinde duşuşarlar

22.09.2023|02:08|
2173
merkezi-aziya-dowletlerinin-we-germaniyanyn-prezidentleri-berlinde-dususarlar
Surat çeşmesi: GFR-iň Prezidentiniň resmi web-saýty

Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýer Berlin şäherinde Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlary bilen duşuşar. Bu barada GFR-iň Prezidentiniň resmi web-saýtynda mälim edilýär.

Şeýlelikde Merkezi Aziýa döwletleriniň Prezidentleri 29-njy sentýabrda sapar bilen Berline bararlar. Prezident Ştaýnmaýeriň Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Japarow, Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon bilen özara duşuşyklary meýilleşdirilýär. Germaniýanyň Prezidenti Merkezi Aziýa ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga taýýardygyny mälim edýär.

Prezidentleriň duşuşygy Berlindäki "Belwýu" köşgünde geçirmek göz öňünde tutulýar.

ORIENT news

Merkezi Aziýa döwletleriniň we Germaniýanyň Prezidentleri Berlinde duşuşarlar